Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy üç adamy terrorizm aýyplamalary bilen höküm etdi


Aslan Baýsultanow, Mohmad Mežidow we Elmar Aşaýew. 14-nji fewral, 2017 ý. Moskwa.

Moskwanyň sudy Russiýanyň durnuksyz Demirgazyk Kawkaz regionyndan üç adamy terrorizm aýyplamalary bilen türme tussaglygyna höküm etdi.

14-nji fewralda Moskwanyň Regional harby sudy Aslan Baýsultanowy, Mohmad Mežidowy we Elmar Aşaýewi “Yslam döwleti” atly ekstremist topar bilen ilteşigi bolmakda we Moskwada terrorçylykly hüjümi planlaşdyrmagy dildüwşük etmekde günäli tapdy.

Gürrüňi edilýän adamlaryň her biri degişlilikde üç ýyldan 14 ýyla çenli aralykda türme tussaglygyna höküm edildi.

Rus resmileri Orsýetlileriň we öňki sowet respublikalarynyň ilatynyň azyndan 5,000 sanysynyň “Yslam döwleti” toparyna goşulmak üçin Siriýa we Yraga gidendigini aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG