Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tamyň geňeşçisi Flin wezipesinden çekildi


Maýkl Flin (Michael Flynn)
Maýkl Flin (Michael Flynn)

Ak tam Milli howpsuzlyk geňeşçisi Maýkl Fliniň Orsýetiň Birleşen Ştatlardaky ilçisi bilen bolan gatnaşyklary hakda prezident Donald Trampyň toparyna ýeterlik maglumat bermändigi barada habar ýaýransoň wezipesinden çekilendigini bildirdi.

Onuň 13-nji fewralda bu wezipeden çekilmegi, Donald Trampyň wezipe başyna gelenine entek bir aý bolmanka, prezidentiň ýokary derejeli maslahatçy toparynyň düzüminde bolan adatdan daşary üýtgeşiklik hasaplanýar.

Flin öten ýyl saýlaw kampaniýasynyň tutuş dowamynda Trampa ygrarly goldawçy bolup hyzmat etse-de, onuň Orsýet bilen bolan gatnaşygy prezidentiň beýleki ýokary derejeli maslahatçylarynyň arasynda alada sebäp bolupdy.

Orsýetiň ýokary derejeli kanunçykaryjylary muňa dessine reaksiýa bildirip, Flini Trampyň Moskwa bilen bolan dartgynly gatnaşyklary gowulandyrmak ugrunda edýän tagallalaryny gowşatmaga gönükdirilen kampaniýanyň pidasy diýip häsiýetlendirdiler.

Flin ozal wise-prezident Maýk Pense dekabrda Orsýetiň ilçisi Sergei Kislýak bilen geçen ençeme telefon gepleşiklerinde, onuň bilen sanksiýalar hakda gürleşmändigini aýdypdyr. Bu ýerde agzalýan sanksiýalar öňki prezident Barak Obamanyň prezidentlik saýlawrynda kiber hüjümlerini amala aşyrdy diýlip, Orsýetiň garşysyna taýýarlan täze sanksiýalar tapgyry.

Fliniň ynandyrmalary Pensiň telewideniýe interwýusynda öňki generala kepil geçmegine getirdi. Şondan birnäçe hepde soňra bu barada habar ýaýranda, Flin özüniň sanksiýalar hakda Kislýak bilen pikir alşan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Birleşen Ştatlaryň kanunçylygynda bolsa şahsy raýatlaryň daşary syýasaty ýöretmegi gadagan.

Flin wezipeden boşadylmagyny sorap, 13-nji fewralda ýazan hatynda telefon gepleşikleri hakda özüniň Pense we beýlekilere “doly maglumat bermändigini” aýdýar.

Ak tam Fliniň ornuna ýerine ýetiriji maslahatçy edip, pensiýa çykan general Keýt Kellogy belledi. Kellog Trampyň bu wezipä hemişelik bellemegi mümkin diýilýän üç adamyň biri. Beýleki ikisi bolsa Merkezi aňtaw gullugynyň öňki direktory Deýwid Petreaeus bilen wise-admiral Robert Harward.

Habar gulluklary “AP” bilen “Reuters” 13-nji fewralda Amerikanyň Adalat departamentiniň Fliniň oňaýsyz ýagdaýda bolamagy mümkin diýip, Ak tama duýduryş berendigini habar berdiler.

“Washington Post” gazeti hem geçen hepde Fliniň sanksiýalar hakda Orsýetiň ilçisi bilen gürleşendigini ýazdy. “Associated Press” habar gullugynyň bildirmegine görä, Flin Obamanyň Orsýetiň garşysyna sanksiýalaryň täze tapgyryny girizen güni, ýagny 29-njy dekabrda Kislýak bilen ýygjam gatnaşykda bolandygyny habar berdi.

Amerikanyň Wekiller palatasyndaky demokratlaryň birnäçesi palatanyň Gözegçilik komitetiniň başlygyny Fliniň Orsýet bilen baglanyşyklary hakda derňew geçirmäge çagyrdylar.

Orsýetde, esasan, Kremliň tarapdary bolan kanun çykaryjar Fliniň maslahatçy topardan çykarylmagyny Trampyň Moskwa bilen bolan gatnaşyklary gowulandyrmak barada edýän tagallalaryny başa bardyrmazlyk üçin ýola goýlan kampaniýanyň bir bölegi diýip suratlandyrdylar.

Orsýetiň parlamentiniň ýokarky öýünde maglumat syýasaty komitetine ýolbaşçylyk edýän Alekseý Puşkin Twitterde: “Nyşana alnan Flin däl, Orsýet bilen gatnaşyk” diýip ýazdy.

Puşkin başga bir twitterde hem: “Flini çykarmak ilkinji aktdy. Indi nyşana alynýan Trampyň özi” diýdi.

Prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Fliniň çykarylmagy barada beýanat bermekden saklanyp, 14-nji fewralda žurnalistlere: “Bu Amerikanyň içki işleri. Bu prezident Trampyň administrasiýasynyň içki işleri, biziň işimiz däl” diýdi.

13-nji fewralda Peskowdan Flin bilen Kislýak arasynda geçen telefon gepleşikleri hakda soralanda, ol bu ýerde sanksiýalar hakdaky gepleşiklere salgylanylýar: “Biz ozal hem aýtdyk, beýle zat ýok” diýip jogap berdi.

XS
SM
MD
LG