Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň mediasy Orsýetiň ýaraglara gözegçilik ylalaşygyny bozandygyny habar berdi


Orsýetiň Ýars RS-24 kontinentara ballistik raketa sistemasy, Moskwa, 9-njy maý, 2016.
Orsýetiň Ýars RS-24 kontinentara ballistik raketa sistemasy, Moskwa, 9-njy maý, 2016.

ABŞ-nyň mediasy Orsýetiň ganatly täze raketany herekete getirendigini we Birleşen Ştatlaryň muňa ýaraglara gözegçilik boýunça ylalaşygyň bozulmagy hökmünde seredýändigini habar berdi.

AP agentligi we “New York Times” neşri Moskwanyň gury ýerden uçurylýan ganatly raketany gizlin ýerleşdirendigini we munuň Orsýetiň günorta-günbatarynda orta aralyga niýetlenen ýadro güýçleri boýunça (INF) 1987-nji ýylyň ylalaşygyna ters gelýändigini aýdýarlar. “New York Times” Orsýetiň raketaly iki batalýonunyň barydgyny we olaryň geçen ýylda herekete taýýar edilendigini habar berýär.

Obamanyň administrasiýasy ozal Orsýeti ylalaşygy bozmakda aýyplapdy. Ylalaşyk 500 metr we 5500 kilometr aralyga niýetlenen ballistik raketalary gadagan edýär.

Emma prezident Wladimir Putin raketalardan goranyş programmasyny gorap çykyş edipdi we ABŞ-nyň hem ylalaşygy bozandygyny we täze raketalaryň güýç deňagramlylygyny saklamak üçin zerurdygyny aýdypdy.

Birleşen Ştatlar ylalaşygy bozmandygyny aýdýar.

Orsýetiň ylalaşygy bozandygy bararadaky habaryň peýda bolmagy ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattisiň 15-nji fewralda NATO-nyň Busselde geçiriljek maslahatyna ilkinji gezek gatnaşýan pursadyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG