Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Mosuly YD jeňçilerinden yzyna almak operasiýasy başlanandy


Yrak goşunlary Oreij obasynda, günorta Mosul, 15-nji fewral, 2017

Yragyň premýer-ministri Haidar al-Abadi günbatar Mosuly «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna almak operasiýasynyň başlanandygyny aýtdy.

"Biz operasiýanyň täze tapgyrynyň başlanandygyny yglan edýäris" diýip, Abadi 19-nj y fewralda telewideniýe ýüzlenmesinde aýtdy.

“Biz Mosulyň günbatar bölegini azat etmäge gelýäris, biziň güýçlerimiz raýatlary Daýeşiň terroryndan azat edip başlaýar" diýip, Abadi YD-nyň arap adyny ulanyp aýtdy. YD Mosuly 2014-nji ýylda basyp alypdy.

Yrak goşuny öz güýçleriniň Athbah we Al-Lazzagah obalaryny ele geçirip, Mosul aeroportyna tarap süýşýändiklerini habar berdiler.

Mosul YD jeňçileriniň Yrakdaky halyfaty diýilýäniň özleri tarapyndan jar edilen paýtagty bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG