Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tamyň howpsuzlyk boýunça täze geňeşçisi Orsýet üçin "100% howply” atlandyryldy


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça täze geňeşçisi H.R.MakMaster
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça täze geňeşçisi H.R.MakMaster

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça täze geňeşçisi H.R.MakMaster bu wezipäni özünden öň eýelän Maýkl Flynna garanda Orsýet babatynda has berk hasaplanylýar.

MakMaster geçen ýylda eden çykyşynda Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegini we gündogar Ukraina harby taýdan goşulyşmagyny “hiç bir muzdsuz” amala aşyrandygyny aýtdy.

MakMaster Moskwanyň giň maksatlarynyň “Ýewropanyň sowuk uruşdan soňky howpsuzlyk, ykdysady we syýasy tertibi ýumurmak we bu tertibi Orsýetiň bähbitlerine has ýakymly başga bir zat bilen çalyşmakdan” ybarat diýipdi.

21-nji fewralda Trampyň Flynnyň ýerine MakMasteri bellemegine Orsýet reaksiýa bildirmänkä, orsýetli kanun çykaryjylaryň biri aladalanma bildirip çykyş etdi. Frants Klintsewiç MakMasteriň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçi wezipesine bellenmegini “100% howp” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG