Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz ombudsmeni Tekebaýewiň ýanyna barmaga rugsat sorady


“Ata Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaew

Gyrgyzystanyň adam hukuklary boýunça baş wekili ombudsmeni Kubat Otorbaýew ýurduň milli howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysy Abdil Segisbaýewe ýüzlenip, “Ata Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň we Gyrgyzystanyň Günorta Koreýadaky öňki ilçisi Düýşenkul Çotonowyň saglyk ýagdaýyna we saklanýan şertlerine syn etmäge mümkinçilik döredilmegini sorady.

Ombudsmeniň edarasynyň metbugat-gullugynyň aýtmagyna görä, ýurduň adamhukuklary boýunça baş wekiliniň islendik wagtda tussaglaryň ýanyna barmaga, olar bilen gepleşmäge we saklanýan şertleri bilen gyzyklanmaga hukugy kanunda kepillendirilýär.

Tekebaýew 26-njy fewralda gije polisiýa tarapyndan uçardan düşürildi we soraga äkidildi. Soňra derňew edaralary syýasatçyny 48 sagatlyk saklamak kararyny yglan etdiler. 27-nji fewarlda suduň Tekebaýew babatynda karar çykarmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG