Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda howpsuzlyk güýçleriniň we hüjümçileriň arasynda ok atyşyk dowam edýär


Howpsuzlyk güýçleriniň we hüjümçileriň arasynda ok atyşyk döredi, Kabul, 1-nji mart, 2017
Howpsuzlyk güýçleriniň we hüjümçileriň arasynda ok atyşyk döredi, Kabul, 1-nji mart, 2017

1-nji martda Owganystanyň paýtagtynda howpsuzlyk güýçleriniň we sany takyk bolmadyk hüjümçileriň arasynda ok atyşyk başlandy. Munuň öňüsyrasynda Kabulyň günbatar böleginde partlamanyň sesiniň eşidilendigini ýerli resmiler aýdýarlar.

Söweşler harby türgenleşik merkeziniň golaýyndaky etrap polisiýasynyň edarasynyň ýanynda dowam edýär, diýip adynyň agzalmazlygyny soran resmi habar berdi.

Kabulyň altynjy etrabynyň polisiýa edarasyndaky ok atyşyga azyndan iki ýaraglynyň gatnaşýandygyny aýdylýar.

“Talyban” toparynyň metbugat wekili bu zorlugyň jogapkärçiligini guramanyň üstüne aldy we hüjümçileriň Kabulda üç nyşana hüjüm edendigini we agyr zeper ýetirendigini aýtdy, emma mundan artyk detal bermedi.

Ýitgiler barada resmi maglumat bolmady.

Şäheriň ýene bir böleginde uly partlamanyň sesi eşidildi.

Geçen aýda janyndan geçen hüjümçi Kabulyň Baş sudunyň daşynda azyndan 20 adamyň ölümine sebäpkär boldy. “Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG