Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB: Prezidentlik dalaşgäri Marine Le Pen parlament imunitetinden mahrum boldy


Ýewropa Parlamentiniň ses berişligi, Brussel, 2-nji mart, 2017.
Ýewropa Parlamentiniň ses berişligi, Brussel, 2-nji mart, 2017.

Ýewropa Bileleşiginiň kanun çykaryjylary aşa sagçy prezidentlik dalaşgäri Marine Le Peniň Twitterde “Yslam döwleti” (YD) söweşi toparynyň zorluklaryny görkezýän suratlaryny çap edendigi üçin ony Ýewropa Bileleşiginiň parlament eldegrilmezlik statusyndan mahrum etdiler.

Ýewropa Parlamentinde “Milli front” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Le Pen 2015-nji ýylda Twitterde YD toparynyň jezalandyryşlaryny görkezýän üç suraty paýlaşandygy üçin derňew astynda galýar. Şol suratlarda amerikan žurnalisti James Foleýiň kellesiniň kesilişi hem görkezilýär.

2-nji martda geçirilen ses berişlikde Ýewropa Parlamentiniň kanun meseleler boýunça komitetiniň 28-nji fewralda çykaran kararyny goldamagy ses köpçüligi bilen kabul edildi.

Le Peniň parlament imuniteti ony jogapkärçilige çekilmekden gorapdy.

Imunitetden mahrum edilmek Ýewropa Bileleşiginiň kanunlary esasynda çäre görmäge mümkinçilik berýär.

“Zorlukly suratlary çap etmek” üçin göz öňünde tutulan jeza üç ýyl türme tussaglygyny we 75 müň ýewro möçberinde jerimäni göz öňünde tutýar.

Le Pen prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynda öňe saýlandy, emma onuň ikinji tapgyrdan geçmek mümkinçiligini elden bermegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG