Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň öňki kanun çykaryjysy Kiýewde atylyp öldürildi


Orsýetiň öňki kanun çykaryjysy Denis Woronenkowyň atylyp öldürilen ýerinde derňewçiler işleýärler, Kiýew, 23-nji mart, 2017.
Orsýetiň öňki kanun çykaryjysy Denis Woronenkowyň atylyp öldürilen ýerinde derňewçiler işleýärler, Kiýew, 23-nji mart, 2017.

Orsýetiň öňki kanun çykaryjysy bolan, 2016-njy ýylda Ukraina göçüp baran we Orsýeti nasistik Germaniýa bilen deňeşdiren Denis Woronenkow Kiýewiň merkezinde atylyp öldürildi.

Kiýewiň polisiýasynyň ýolbaşçysy Andriý Kryşçenkonyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Woronenkow 23-nji martda Ukrainanyň paýtagtynyň merkezi köçesinde öldürilipdir.

45 ýaşly Woronenkow Döwlet Dumada 2011-2016-njy ýyllarda Kommunistik partiýasyndan deputat bolupdy.

Woronenkow we onuň aýaly öňki kanun çykaryjy Maria Maksakowa oktýabr aýynda Orsýeti terk edipdi. Munuň öňüsyrasynda orsýet häkimiýetleri Woronenkowyň Moskwada emlägi bikanun eýelemek boýunça işlere gatnaşygy boýunça derňew geçirmäge çagyryş edipdi.

Woronenkow fewral aýynda düýbi Ukrainada ýerleşýän censor.net websaýtyna beren interwýusynda şu günki Orsýeti nasistik Germaniýa bilen deňeşdirdi we Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) ýurtda ähli zada gözegçilik edýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Krymy anneksiýa etmegini “ýalňyşlyk” diýip atlandyrdy we 2014-nji ýylyň fewral aýynda Ýewropa tarapdar güýçleriň Kiýewde geçiren protestleriniň netijesinde häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Wiktor Ýanukowiçe garşy görkezme berendigini mälim etdi.

XS
SM
MD
LG