Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalnyý Moskwada tussag edildi


Alekseý Nawalnyý Moskwada tussag edildi.
26-njy mart, 2017.
Alekseý Nawalnyý Moskwada tussag edildi. 26-njy mart, 2017.

Rus oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalnyý, ýurt boýunça korrupsiýa garşy protest aksiýalary geçirilýän mahalynda, merkezi Moskwada tussag edildi.

Nawalnyý tarapdarlary bilen Triumfal skweriniň golaýyndaky metro stansiýasyndan ýokaryk çykanda tussag edildi diýip, Interfax habar berdi.

Nawalnynyň korrupsiýa garşy fondunyň direktory Roman Rubanow twitterde Nawalnynyň tussag edilendigini tassyklady. Şeýle-de ol Nawalnynyň tarapdarlarynyň onuň polisiýa maşynyna tarap alnyp gidilmeginiň öňüni almaga synanyşlarynyň wideoýazgysyny twit etdi.

Pitnä garşy polisiýa maşyna maşyna tarap geçmek üçin ýol arçanda Nawalnynyň protestçileriniň hem birnäçesi tussag edildi. Nawalnyý tarapdarlaryny özi bolmasa-da korrupsiýa garşy «ýörişi» dowam etdirmäge çagyrdy.

Puşkin skwerinde we Twerskaýa köçesinde, köp sanly polisiýa nökeriniň ýerleşdirilmegi, mähelläniň ýokarsynda dikuçar aýlanmagy netijesinde,ygtyýar berilmedik demonstrasiýa gatnaşýan adamlaryň ýene onlarçasy tussag edildi.

Soňky kabul edilen kanunlarda şäher häkimiýetleri tarapyndan ygtyýar berilmedik protestler jenaýatlaşdyryldy we adat bolşy ýaly, şäher ýolbaşçylary Kreml tankytçylaryna demonstrasiýa geçirmäge rugsat bermekden köplenç ýüz öwürýärler.

Skwerde müňlerçe adam toplandy, olaryň käbiri «utanç» diýip gygyrsa, beýlekileri «ogrularyň goragçylary» diýip gygyrdy, demir sowutly we kellesi kaskaly polisiýa işgärleri hökümete garşy şygyrlary galdyrýan protestçileri tussag edende,olara sygyrýanlar hem az bolmady.

Bir protestçi Puşkin heýkeliniň dikejine çykyp, "Putin 666" diýlen ýazgyly plakaty galdyrdy we bada-bat tussag edildi.

28 ýaşyndaky Ýuriý Kostýuk Kazandaky telekommunikasiýa kompaniýasynda işleýär we Moskwa iş bilen gelip, bu proteste gatnaşmagy karar edipdir.

"Biz bu aýylganç möçberdäki korrupsiýany we ogurlygy halamaýarys. Aýdlyşy ýaly, balyk başyndan porsaýar. Biz bu ýere kelläni aýyrmak üçin geldik" Kostýuk AÝ/AR-nyň habarçysy Tom Balmforza aýtdy.

Nawalnyý we onuň korrupsiýa garşy göreşýän fondy Uzak Gündogardaky Wladiwostokdan Uraldaky Ýeketerinbukrga çenli uly rus şäherlerinde ýüzlerçe ýa-da müňlerçe adam tarapyndan goldanan protest ýörişine çagyrdy.

Planlaşdyrylan ýygnanyşyklar Nawalnynyň korrupsiýa garşy fondy 2-nji martda hasabat çap edip, premýer-ministri Dmitriý Medewedewi korrupsiýada aýyplanyndan soň guralýar.

Wladiwostokda polisiýa azyndan 30 adamy tussag etdi. Ýerli rus habar serişdeleri bu ýerde müň çemesi adamyň şäher häkimiýetleri tarapyndan ygtyýar berilmedik proteste çykandygyny habar berdi.

Sibiriň Nowosibirsk şäherinde 2,000 çemesi adam toplandy, emma bu proteste häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berildi. Protestçiler «Korrupsiýa ýok bolsun» diýen plakatlary göterdiler.

Ýerli metbugatyň maglumatlaryna görä, Sibiriň Krastoýarsk we Omsk şäherlerinde 1500 çemesi adam proteste çykdy.

Günorta Sahalinde bolan protestde 5, protestden soň bolsa 9 adam adam tussag edildi. Amur boýundaky Komsomolsk şäherinde 6 adam tussag edildi.

2011-nji we 2012-nji ýyllarda Orsýetde hökümete garşy uly demonstrasiýalaryň gurnalmagyna kömek eden Nawalnyý Moskwanyň köçelerine, öz sözleri bilen aýdylsa, prezident Wladimir Putiniň ýakyn töweregindäki resmileriň arasynda giň ýaýran korrupsiýa garşy 15 müň çemesi adamy çykarjakdygyny aýtdy.

Nawalnyý özüniň resmi saýtynda bu protestleriň Orsýetiň 99 şäherinde geçirilmegine umyt baglaýandyklaryny aýtdy, emma häkimiýetler olaryň 72-sinde protest geçirilmegine ygtyýar bermekden boýun gaçyrdylar.

Nawalnyý dekabrda 2018-nji ýylyň martynda geçjek prezident saýlawlarynda dalaşgär boljakdygyny, ýagny täze alty ýyllyk möhlete dalaş eder öýdülýän Putin bilen bäsleşige çykjagyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG