Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Senaty Çernogoriýanyň NATO goşulmak haýyşnamasyny oňlady


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (sagda) we Çernogoriýanyň premýer-ministri Dusko Markowiç. 26-njy ýanwar, 2017 ý.

Birleşen Ştatlaryň Senaty Çernogoriýanyň NATO goşulmak baradaky haýyşnamasyny köpçülikleýin oňlamak bilen onuň bu harby ýaranlyga goşulmagyna ýol açdy.

27-nji martda senatorlar 97-2 hasap bilen ses berip, uzak wagtlap dowam eden çekeleşigiň soňuna çykmak we bu balkan ýurdunyň NATO ýaranlygyna agzalygyny ratifisirlemek üçin hepdäniň aýagynda ses berişlik geçirilmegini goldadylar.

Ses berişlikde bu karara garşy çykan diňe iki senator Kentukki ştatyndan Rand Paul bilen Uta ştatyndan Maýke Lee boldy.

Gutarnykly ses berişlik Kongresiň ýokarky palatasy Senatda geçiriler.

Ondan soňra ýaranlygyň 28 agzasynyň arasynda Çernogoriýanyň formal agzalygyny oňlamaly diňe Ispaniýa bolýar.

Çernogoriýanyň bileleşige goşulmak baradaky synanyşyklary NATO-nyň gündogara tarap ýaýbaňlanmagyna uzak wagt bäri garşy çykyp gelýän Orsýete ýaranok.

Serbiýa bilen goňşy Çernogoriýanyň Orsýet bilen dil we medeni baglanyşyklary bar. Galyberse-de, ors maýadarlary, şol sanda Kreml bilen ilteşikli milliarder Oleg Deripaska-da, soňky ýyllarda bu ýurtda düýpli maýa goýdular.

Senatda ses berişlik geçmezden öň Moskwa Çernogoriýanyň bu synanyşyklaryna özüniň berk garşydygyny duýdurdy. Geçen ýyl ýurtda döwlet agdarylyşygy barada edilen synanyşyga çernogoriýaly kanun çykaryjylaryň käbiri Moskwanyň ýurduň NATO girmek tagallalaryny başa bardyrmazlyk üçin eden synanyşygy diýip garaýarlar.

Birleşen Ştatlar Çernogoriýanyň haýyşnamasyny köplenç goldap geldi. Ýöne soňky wagtlarda käbir synçylar prezident Donald Trampyň Orsýet baradaky barlyşykçy ritorikasyna salgylanyp, NATO-nyň ýaýbaňlanmagyna bolan goldaw indi gowşar diýen pikirden ugur aldylar.

Ýöne döwlet sekretary Reks Tillerson Senatyň ýolbaşçylaryna ýazan hatynda, Çernogoriýanyň agzalygynyň NATO-nyň maý aýyna planlaşdyrylan sammitinden öň oňlanylmaldygyny aýdypdyr.

“Çernogoriýa [Orsýetiň prezidenti Wladimir] Putiniň ýigrenýän zatlaryny edýär. Bu siziň öz liderleriňiz üçin ses bermek bolar” diýip, Respublikan partiýasynyň daşary syýasat boýunça tanymal şahsyýetleriniň biri bolan senator Lindseý Graham aýtdy.

Geçen hepde hem Birleşen Ştatlaryň Ýewropadaky ýokary derejeli harby ýolbaşçysy general Kurtis Skaparrotti Senatyň komitetine Çernogoriýanyň haýyşnamasynyň ret edilmegi ýaranlyga goşulmaga meýilli beýleki ýurtlara ýaramaz täsir eder diýdi.

Bu ýurtlar bolsa, Orsýetiň harby agressiýasy bilen ýüzbe-ýüz duran alty sany öňki sowet respublikasy. Bularyň biri onuň göni harby çozuşyna uçran Gürjüstan, beýlekisi hem pitneçi separatistleriň goldalýan ýeri bolan Ukraina.

“Muny elden bermegimiz, aýratyn-da, Gündogar Ýewropada Günbatara göz dikip oturan ýurtlary we halklary yzyna gaýtardygymyz bolar” diýip, Skaparrotti aýtdy.

Çernogoriýanyň agzalygynyň ratifisirlenmeginiň oňlanmagyny çaltlandyrmak barada edilen öňky synanyşygy, demokratlar we respublikanlar tarapynda güýçli goldalsa-da, senator Paul bloklapdy. Ol muny hem Çernogoriýa Orsýet bilen bolan gatnaşyklary öňküden beter dartgynlaşdyrar, belki-de, urşa getirer diýip delillendiripdi.

Balkanda Orsýetiň güýçli ýarany bolan Serbiýa-da indi NATO tarap bolmasa-da, Ýewropa Bileleşigi bilen has ýakyn integrasiýa ymtylýar.

XS
SM
MD
LG