Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tillerson Ankara sapar etdi


Türkiýäniň premýer-ministri Binali Yildirim (çepde) ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen Ankarada gepleşik geçirdiler. 30-njy mart, 2017 ý.
Türkiýäniň premýer-ministri Binali Yildirim (çepde) ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson bilen Ankarada gepleşik geçirdiler. 30-njy mart, 2017 ý.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Türkiýä eden bir günlük saparynyň dowamynda, ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy.

Tillerson Ankarada aýry-aýrylykda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we premýer-ministri Binali Ýildirim bilen gepleşikler geçirdi.

Tillerson we Ýildirim eýýäm ýedi ýyl bäri graždançylyk urşy dowam edýän Siriýa we bu sebiti “Yslam döwleti” terroristik toparynyň jeňçilerinden arassalamak meseleleri barada gürleşdiler.

Döwlet departamentiniň resmisi “duşuşygyň dowamynda regiondaky möhüm howpsuzlyk we syýasy gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary” barada pikir alyşylandygyny mälim etdi.

Ankara “Yslam döwleti” toparynyň Siriýadaky soňky berkitme şäheri bolan Rakkany yzyna almak ugrundaky operasiýa baştutanlyk edip, bu çärä kürt ýaraglylarynyň gatnaşmazlygy ugrunda tagalla edýär.

Gepleşikleriň dowamynda, geçen ýyl Ankaranyň Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygy gurnandygy aýdylýan, musulman ruhanasy Fethullah Güleniň ABŞ-dan ekstradisiýa edilmegi ugrunda maslahat edilmegine garaşylypdy.

Başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň Erdoganyň başladan ‘arassalaýyş çäreleri’ Günbatarda uly aladalanma döredip, Ankaranyň Waşington bilen gatnaşyklaryny hem dartgynlaşdyrypdy.

Bu aralykda, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu gepleşikleriň dowamynda Türkiýäniň döwlet eýeçilindäki “Halkbanky” bankynyň ýokary derejeli resmisiniň şu hepde Nýu-Ýorkda tussag edilmegi meselesiniň hem gozgaljakdygyny mälim etdi.

Mehmet Hakan Atilla ABŞ-nyň banklarynyň üsti bilen, bikanun ýollar arkaly, millionlarça dollary Eýrana geçirmek işlerine hemaýat bermekde aýyplanýar.

Türkiýäniň adalat ministri Bekir Bozdag penşenbe güni ýurduň telewideniýesinde çykyş edip, Atillanyň tussag edilmeginiň Türkiýä we Erdogana garşy edilen işiň bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG