Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň giýewisi rus resmileri bilen duşuşygyny aýtmady


 Jared Kuşner
Jared Kuşner

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň giýewisi şu ýyl ynamdarlyk barlagyndan geçende ýokary derejeli rus resmileri bilen aragatnaşyklaryny aýan etmedi diýip, onuň aklawçysy 7-nji aprelde aýtdy.

Ilki “The New York Times” gazeti Jared Kuşneriň Orsýetiň ABŞ-daky ilçisi we Kreml eýeçiligindäki, ABŞ sanksiýalarynyň nyşanasy bolan bankyň başlygy bilen duşuşyklaryny aýan etmändigini habar berdi.

Trampyň iň ýakyn geňeşçileriniň biri bolan Kuşneriň bu geleňsizligi Federal derňew býurosynyň we birnäçe kongres komitetiniň 2016-njy ýyldaky saýlawlara rus gatyşmasy diýilýäni hem-de Tramp kampaniýasy bilen Kremliň arasynda bolmagy ahmal gatnaşyklary derňeýän wagtyna gabat geldi.

Kuşneriň aklawçysy Jeými Gorelik bu geleňsizlige “adminstratiw ýalňyşlygyň” sebäp bolnadygny, onuň Trampyň 20-nji ýanwarda inagurasiýa edilmezinden öňki howlukmaçlyk netijesinde goýberilendigini aýtdy.

“Ol ýerde hiç bir daşary ýurt duşuşygyny, şol sanda orsýetliler bilen duşuşygy ýaşyrmak niýeti ýokdy” diýip, ol aýtdy.

Kuşner geçen aý ABŞ-nyň rus resmileri bilen Trampyň kömekçileriniň arasyndaky gatnaşyklary derňeýän kongres komitetleriniň soraglaryna jogap bermäge meýletinlik bildirdi.

XS
SM
MD
LG