Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus we eýran generallary ABŞ-nyň Siriýa uran zarbasyny ýazgardy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen general Valery Gerasimov
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen general Valery Gerasimov

Orsýetiň we Eýranyň baş generallary ABŞ-nyň Siriýanyň howa bazasyna raketa zarbalaryny urmagyny ýazgardy we özleriniň “terrorçylara” garşy söweşlerini dowam etdirmegi wada berdiler.

Olar Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň garşydaşlaryny umumylykda “terrorçy” diýip atlandyrýarlar.

Orsýetiň baş harby ştabynyň başlygy, general Valery Gerasimov we onuň eýranly kärdeşi, general-maýor Mohammad Bagheri 8-nji aprelde telefonda gürleşdi diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, generallar “Amerikanyň Siriýanyň howa bazasyna garşy geçiren operasiýasyny özbaşdak ýurda garşy edilen agressiýa hökmünde ýazgaryp çykyş etdiler”.

Orsýet we esasan şaýy ilatly Eýran Assadyň ABŞ we Türkiýe tarapyndan goldanylýan dürli pitneçi toparlara garşy alyp barýan raýat urşundaky esasy goldawçylary bolup durýar.

Orsýet we Eýran Assadyň garşydaşlaryny mundan öňem “terrorçy” diýip tagmalapdylar.

ABŞ 7-nji aprelde Siriýanyň Şaýrat howa bazasyna ganatly raketa zarbalaryny urdy. ABŞ harbylary bu bazanyň 4-nji aprelde Han Şeýhun şäherçesine nerw gazy hüjümini etmekde ulanylandygny aýdýarlar. Bu gaz hüjüminde onlarça adam öldi.

Rus we eýran harby ýolbaşçylarynyň beýanaty olaryň ýurt liderleriniň ABŞ zarbalarynyň yz ýanyndan aýdan sözleriniň ýaňy bolup eşidildi.

Iki general raketa zarbalarynyň “öňünden planlaşdyrylan programma” bolup, Siriýanyň harbylarynyň badyny gaçyrmak, “terrorçylaryň we olaryň goldawçylarynyň ruhuny galdyrmak” niýeti bilen urlandygyny öňe sürdüler.

Şeýle-de olar “Takfiri terrorçylarynyň” garşysyna alyp barýan söweşlerini güýçlendirmegi wada berdiler. Olar adatça sünni musulman ekstremistlerini, şol sanda “Yslam döwleti” toparynyň jeňçilerini “Takfiri terrorçylary” diýip atlandyrýarlar.

Güman edilýän himiki ýarag hüjüminden we amerikan raketa zarbalaryndan soň ABŞ ýaranlarynyň aglabasy Waşingtonyň daşynda jebisleşdi.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Boris Johnson 10-njy aprelde Moskwa planlaşdyrylan saparyny goýbolsun edendigini, sebäbi Siriýada bolýan zatlaryň “ýagdaýy düýpli üýtgedendigini” aýtdy.

BMG-nyň Siriýadaky wekili Staffan de Mistura munuň himiki hüjüm bolandygyny we onuň howadan gelendigini aýtmaga ähli deliliň bardgyny aýtdy we BMG-nyň uruş jenaýatlary boýunça derňewçileri himiki hüjüm babatynda täze derňew işini açdy.

2011-nji ýylyň mart aýynda, Assadyň hökümete garşy protestleri basyp ýatyrmagy bilen başlanan Siriýa konfliktinde 320 müňden gowrak adam öldürildi.

Şu aralykda Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy Siriýadaky aýry-aýry iki sany howa zarbasynda azyndan 35 adamyň öldürilendigini habar berdi.

9-njy aprelde pitneçileriň elindäki Idlib welaýatyna, güman edilýän himiki hüjümiň edilen ýeriniň golaýyna urlan howa zarbasynda azyndan 18 adam öldi.

Pitneçileriň elindäki Idlib welaýaty soňky wagtlar siriýa goşunlary we olaryň rus ýaranlary tarapyndan nyşana alynýar.

Adam hukuklary obserwatoriýasy 8-nji aprelde urlan howa zarbasynda azyndan 5 çaganyň ölendigini aýtdy. Raýat goranyş resmileri bu hüjümde ölenleriň 19, ýaraly bolanlaryň 22 bolandygyny aýtdylar.

Mundanam başga, Adam hukuklary obserwatoriýasy 8-nji aprelde güman ediläýn ABŞ-koalisiýa uçarlarynyň Rakkanyň eteginde, YD kontrolyndaky Hneýde obasynda bir internet kafeni urandygyny habar berdi.

Bu zarbada azyndan 17 adamyň ölendigi, 12 adamyň ýaraly bolandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG