Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: ABŞ-nyň döwlet sekretary we Orsýetiň daşary işler ministri gepleşiklere başladylar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşiklere başlady, Moskwa, 12-nji aprel, 2017

ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillersonyň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen başlan gepleşikleri Siriýadaky uruşyň daşynda dartgynlylygyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.

12-nji aprelde Moskwada başlanan gepleşikleriň başynda Tillerson “örän açyk, göni we aýdyň pikir alyşylmagyna we ABŞ-Orsýet gatnaşyklarynyň mundan beýläk has gowy kesgitlenmegine” garaşandygyny belledi.

Tillerson ABŞ-nyň Orsýet bilen ýiti aratapawudunyň bardygyna göz ýetirip, umumy bähbitleri aýdyňlaşdyrmak we bar bolan ylalaşyksyzlyklary çözmek isleýändigini aýtdy. Ol aragatnaşyklar üçin ugurlaryň mydama açykdygyny aýtdy.

Lawrow ABŞ-nyň Orsýete öz tarapynda ýa-da garşysynda bolmagy saýlamakdan ybarat, onuň öz sözi bilen aýdylanda, ýalňyş talaby öňe sürmeli däldigini belledi.

Şeýle-de, Lawrow ABŞ-nyň 7-nji aprelde Siriýanyň hökümetiniň howa bazasyna garşy amala aşyran raketa zarbalary ýaly hüjümlerden saklanmalydygyny aýtdy. Waşington şol hüjümleri Siriýanyň hökümetiniň himiki ýaragy ulanmagyna jogap bolandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG