Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pens Demirgazyk Koreýanyň islendik hüjümine 'aňryýany bilen' jogap beriljegini aýdýar


Pens Demirgazyk Koreýanyň “Aziýa-Ýuwaş okean sebitinde parahatçylyga we durnuklylyga iň howply we abanyp duran wehim bolandygyny” aýtdy.
Pens Demirgazyk Koreýanyň “Aziýa-Ýuwaş okean sebitinde parahatçylyga we durnuklylyga iň howply we abanyp duran wehim bolandygyny” aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň wise-prrezidenti Maýk Pens Demirgazyk Koreýa ABŞ-nyň aýgytlylygyny synaga salmazlygy duýdurdy we onuň islendik hüjüme “aňryýany bilen we netijeli” gaýtawul berjekdigini wada berdi.

19-njy aprelde Ýaponiýada, USS Ronald Reýgan uçar göterijisiniň üstünde çykyp gürläp, Pens Demirgazyk Koreýanyň “Aziýa-Ýuwaş okean sebitinde parahatçylyga we durnuklylyga iň howply we abanyp duran wehim bolandygyny” aýtdy.

Ol prezident Donald Trampyň admnistrasiýasynyň Phenýana ykdysady we diplomatik basyş etmekde beýleki ýurtlar bilen “ysnyşykly işleşjekdigini” aýtdy we Birleşen Ştatlaryň hemişe parahatçylyk gazanmaga çalyşjakdygyny belledi.

Emma Pens “biziň aýgytlylygynyzy ýa-da taýýarlygymyzy synaga salýanlar bilmelidir: Biz islendik hüjümi yzyna gaýtararys we adaty ýa ýadro ýaraglaryň islendik ulanylmasyna aňryýany bilen netijeli amerikan gaýtawulyny bereris” diýdi.

"Galkan galkan ornunda dur we gylyç taýýar dur” diýip, ol aýtdy.

Pens bu sözleri, Pentagonyň tassyklamagyna görä, regiona sapary mahalynda, Demirgazyk Koreýa 16-njy aprelde atylan badyna şowsuzlyga uçran raketasyny synag edeninden soň aýtdy.

"Demirgazyk Koreýanyň lideri raketa atmak bilen ýene bir gezek nähilidir bir prowakasiýa etmäge synandy” diýip, ABŞ-nyň goranmak sekretary

Jim Mattis 18-nji aprelde aýtdy we Birleşen Ştatlar Phenýan bilen gürleşmegi üçin Hytaý bilen ýakyndan işleşer diýdi.

Hytaý 19-njy aprelde Demirgazyk Koreýanyň resmileriniň ýene-de raketa synaglarynyň geçiriljekdigi we ýadro urşunyň ähtimallygy barada aýdan sözlerinden alada bildirdi. Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Lu Kang Pekin dartgynlyklaryň ýokarlanmagyna getirýän islendik söze we herekete garşy durýar diýdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 17-nji aprelde Demirgazyk Koreýanyň “seresapsyz ýadro hereketlerini” ýazgardy, emma Birleşen Ştatlaryň Phenýana garşy “örän töwekgellikli” birtaraply harby herekete baş goşmajagyna ymyt bildirýändigini aýtdy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow bolsa Moskwadan ähli taraplary “sabyr-kanagada we akyl-paýhasa” cagyrdy hem-de demirgazyk Koreýanyň daşyndaky ýagdaýyň “çak edip bolmajak dartgynlyklardan doludygyny” belledi.

Demirgazyk Koreýa soňky ýyllarda, halkara ýazgarmalaryna we BMG-nyň sanksiýalaryna garamazdan, özüniň ýadro we raketa synaglaryny ýygjamlaşdyrdy.

Bu ýurduň ýadro ýaragyny edinmek tagallalary bilen bagly dartgynlyklar arasynda prezident Tramp, geçen hepdäniň başynda, Demirgazyk Koreýa duýduryş hökmünde bir “armadanyň” – gämi toparynyň iberilýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Ýaragly güýçleri 10-njy aprelde, Trampyň nazarda tutýan zarba urujy uçar göteriji toparynyň, Singapurdan ugranyndan soň, demirgazyga ýüzmeginiň we Ýuwaş okeanyň günbataryndaky stansiýadan hasabat bermeginiň” buýrulandygny aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, USS Karl Winson we beýleki uruş gämileriniň Koreýa ýarymadasyna tarap ýüzmändigi, eýsem ters tarapa gidendigi belli boldy.

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçleri 15-nji aprelde USS Karl Winson uçar göterijisiniň Indoneziýanyň Ýawa hem-de Sumatra adalarynyň arasyndaky Sunda bogazyndan geçip barýan suratyny çap etdiler.

www.gonavy.jp/CVLocation.html websaýty bolsa, Winsonyň 16-18-nji aprelde Hindi okeanynda bolandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň Ýuwaş okean komandowaniýesi 18-nji aprelde zarba urujy toparyň Awstraliýa bilen demirgazyk-günbatar kenarda planlaşdyrylan gysga wagtlyk tälim okuwyny tamamlandygyny habar berdi.

Şeýle-de bu toparyň indi “buýruga laýyklykda, Ýuwaş okeanyň günbatar tarapyna ugraýandygy” aýdyldy.

XS
SM
MD
LG