Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýrany ýadro gepleşiginiň “ruhuna laýyk hereket etmezlikde” aýyplady


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýrany dünýäniň güýçli döwletleri bilen baglaşan ýadro gepleşiginiň “ruhuna laýyk hereket etmeýänlikde” aýyplap, Birleşen Ştatlar muňa basym bir jogap tapar diýdi.

20-nji aprelde Ak tamda Italiýanyň premýer-ministri Paola Gentiloni bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Tramp tankydyny gaýtalap: “Bu bir elhenç ylalaşykdy...bular ýaly ýaramaz ylalaşyk meniň ozal gören zadym däl” diýdi.

“Eýran ylalaşygyň ruhuna laýyk hereket edenok. Olar muny etmeli. Biz muny jikme-jik seljerip, bu barada bir zat aýdarys, bu uzaga çekmez” diýip, Tramp aýtdy.

Trampyň bu beýanatyndan ozal Administrasiýanyň ýokary derejeli resmileri-de Tähran bilen 2015-nji ýylda gelnen ylalaşygy tankytladylar. Eýran bu tankytlary ret edýär. Ylalaşykda Eýrandan Günbatar döwletleri tarapyndan girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň dereginde ýadro işjeňligini çäklendirmek talap edilýär.

ABŞ-yň döwlet sekretary Reks Tillerson bir gün mundan ozal geleşik Eýranyň atom ýaraglaryny öndürmek maksadyny togtatmakda şowsuzlyga uçrady, ony diňe yza süýşürdi diýdi.

Tillerson bu tankytlara garamazdan, 19-njy aprelde Eýranyň geleşigiň özüne degişli taraplaryny ýerine ýetirendigini tassyklap, sanksiýalaryň gowşadylmagy bilen ylalaşdy.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 20-nji aprelde Tillersonyň beýanatyny tankytlap, “Amerikanyň esassyz aýyplamalary” onuň Eýranyň ýadro ylalaşygyny ýerine ýetirýändigini boýun alýandygyny gizläp bilmez diýdi.

Tähranyň ylalaşygy, iň azyndan tehniki taýdan, ýerine ýetirýändigi administrasiýa tarapyndan ykrar edilýärkä, Trampyň Eýran ylalaşyga laýyk hereket edenok diýmeginiň sebäbi belli däl.

Tramp öz beýanaty hakda düşündiriş berenok. Ýöne Birleşen Ştatlar ballistik raketa synaglary sebäpli Eýrany ýygy-ýygydan tankytlaýar. Resmiler Tähran ylalaşygyň özüni däl, ruhuny bozýar diýýärler.

Eýran hem ballistik raketa synaglary sebäpli sanksiýalaryň ýatyrylmaýandygyna salgylanyp, ýadro ylalaşygynyň ruhuny saklanok diýip, Birleşen Ştatlary aýyplaýar.

Amerikanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Nikki Haleý hem Eýrany Ýakyn Gündogardaky konfliktlerde “esasy günäkär” diýip atlandyrmak bilen öňki tankytlaryň üstüne ýene tankyt goşdy. Ol bu guramany her zatdan öň Eýran meselesine garamaga çagyrdy

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň açyk duşuşygynda çykyş eden Haleý Eýrany Siriýada, Yrakda we Ýemende konfliktlerde bolan ýurtlary “durnuksyzlaşdyrmak” üçin “ölümli ýarym harbylara” türgenleşik bermekde aýyplady.

“Olar onlarça ýyllap, tutuş regionda terrorçylykly işleri alyp bardylar” diýip, Haleý aýtdy. Ol soňra hem Eýran konflikt turuzmak üçin, liwanly Hizbullanyň ýarym harbylary bilen hyzmatdaşlyk etdi diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Haleý: “Eýran özüniň regional niýetlerini amala aşyrmak üçin, Hizbullany ulanýar. Olar Ýakyn Gündogara ekstremistik ideologiýany ýaýratmakda özara hyzmatdaşlyk edýärler” diýdi.

Eýranyň ilçisi Golamaly Hoşro hem Amerika “adamlary ýalňyş ýola salmak üçin” Eýranyň garşysyna kampaniýa alyp barýar diýip, aýdylýan zatlary “esassyz” diýip häsiýetlendirdi.

Hoşro Birleşen Ştatlar bilen Ysraýyly “Ýakyn Gündogarda ähli konfliktleriň merkezi bolan Palestina meselesini açyk çekişikden” çykarmaga synanmakda aýyplady.

Orsýetiň BMG-däki ilçisiniň orunbasary Petr Ilýiçew hem Eýranyň tarapyny çalyp, Ýakyn Gündogar baradaky duşuşykda Haleýiň Palestina meselesini ýa “Yslam döwleti” ýaly ekstremistik toparlardan abanýan howplary agzamanlygyny sorag astyna aldy.

“Munuň deregine biz bu toparlara garşy göreşýänlere terroristler diýip garamaga çagyrylýarys” diýip Ilýiçew aýtdy.

Ol Eýran tarapdan goldalýan ýarym harbylar hem Siriýada hem-de Yrakda “Yslam döwletine” garşy söweşde esasy roly oýnaýarlar diýdi.

XS
SM
MD
LG