Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýe Yrakda we Siriýada PKK zarba urandygyny aýdýar


Ankara PKK-nyň Türkiýe bilen Yrak aralygyndaky regionda ýerleşýän söweşijilerini ýygy-ýygydan bombalaýar. Arhiw surat

Türkiýe 25-nji aprelde öz söweş uçarlarynyň Yragyň Sinjar regionynda, şeýle hem Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda kürt ýarym harbylaryny bombalandygyny aýdýar.

Türk harbylarynyň beýannamasynda aýdylmagyna görä, Sinjara zarba urulmagynyň sebäbi "Kürdüstan işçi partiýasynyň" (PKK) Türkiýäniň içinde geçirilmeli hüjümler üçin ýarag we partlaýjy serişdelerini ibermeginiň öňüni almak bolupdyr.

PKK Türkiýe, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terroristik topar diýip yglan edildi.

PKK 2014-nji ýylyň tomsunda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri tarapyndan zulum-süteme uçran regionyň ilaty ýezidilere kömek edeninden soňra, Sinjarda ýerleşdi.

Kürt harbylarynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy general Seme Bosaliniň aýtmagyna görä, Türkiýäniň Sinjara uran howa zarbasynda peşmerga söweşijilerinden bäş adam ölüpdir.

Ankara PKK-nyň Türkiýe bilen Yrak aralygyndaky regionda ýerleşýän söweşijilerini ýygy-ýygydan bombalaýar. Ýöne ol Sinjar regionyny ozal nyşana almandy.

Siriýada urlan zarbada ÝPG nyşana alnypdyr. ÝPG Yslam döwletine garşy uruşda Amerika tarapyndan goldalýan Siriýanyň demokratik güýçleriniň esasy bölegi hasaplanýar.

Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary obserwatoriýasy hüjümde ÝPG-niň 18 söweşijisiniň ölendigini habar berdi.

ÝPG heläklenenleriň sany hakda takyk maglumat berenok. Ýöne onuň çykaran beýannamasynda: “Bu hyýanatçylykly hüjüm biziň birnäçe ýoldaşymyzyň ölümine we ýaralanmagyna getirdi” diýilýär.

Beýannamada onuň Malikiýäniň golaýyndaky baş karargähine, şol sanda media merkezine, ýerli radio stansiýasyna, kommunikasiýa desgalaryna we harby edaralaryna zyýan ýetendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG