Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Fransis uruşda heläkçiligiň uly boljagyny duýdurýar


Pop Fransis Müsür saparyndan dolanyp gelýär.
Pop Fransis Müsür saparyndan dolanyp gelýär.

Rim papasy Fransis Birleşen Ştatlar bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda uly uruş tursa, “köp adamyň heläk boljakdygyny” duýdurdy we üçünji bir döwletiň iki garşydaşyň arasyna araçy bolmalydygyny öňe sürdi.

Fransis bu sözleri 29-njy aprelde, Müsüre eden saparyndan Rime dolanyp gelýän wagtynda, Rim papasynyň uçarynyň üstünde aýtdy.

Demirgazyk Koreýanyň BMG-nyň düzgünlerine garşy gidip, ballistik raketa synaglaryny dowam etdirmegi Koreýa ýarymadasynda dartgynlyklary ýokarlandyrdy.

Phenýan ýadro ýaraglaryny hem synag etdi we Birleşen Ştatlara ýetýän raketalary ýasamaga çalyşýandygyny görkezdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Koreýa ýarymadasyna deňiz zarba uruş toparyny ibermek bilen, dünýä Demirgazyk Koreýanyň lideriKim Jong Unyň ýadro programmasyny togtamagy başarmasa, munuň agyr netijesiniň boljakdygyny duýdurdy we bu meselede ähli çäreleriň gün tertibinde galýandygyny aýtdy.

Rim papasy amerikan prezidentini-de, beýleki liderleri-de, adamzadyň gelejeginiň hatyrasyna, gepleşikleri we diplomatiýany ulanmaga çagyrjakdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG