Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Aňtaw resmileri Orsýetiň saýlawlara goşulyşmak 'üstünligini' ýene gaýtalamagy mümkin diýýärler


ABŞ-nyň Kongressiniň aňtaw boýunça komitetiniň öňki başlygy Mike Rogers
ABŞ-nyň Kongressiniň aňtaw boýunça komitetiniň öňki başlygy Mike Rogers

Orsýet ABŞ-da 2016-njy ýylyň prezidentlik saýlawlaryna goşulyşmak arkaly syýasy gapma-garşylyk döretmäge ukyplydygyny görkezmekde üstünlik gazandy, bu bolsa Moskwanyň bu ugurdan ýene synanyşyk etmegine itergi berip biler diýip 2-nji maýda ABŞ-nyň iki sany ýokary derejeli öňki aňtaw resmisi aýtdy.

Milli aňtaw gullugynyň öňki müdiri James Klapper we wekiller öýüniň aňtaw boýunça komitetiniň öňki başlygy Mike Rogers Harward uniwersitetinde Orsýet barada geçirilen diskussiýada öz netijelerini mälim edip, Orsýetiň şu ýyl Fransiýada we Germaniýada geçiriljek saýlawlarda öz tejribesini ulanmaga synanyşjagyny çak etdiler.

“Olaryň maksady biziň saýlawlarymyzda nägilelik we ynamsyzlyk döretmekden ybarat. Olar bizi bir-birimize garşy goýmak isleýärler” diýip, Rogers Bostonyň golaýynda geçirilen duşuşykda aýtdy.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň Demokratik partiýanyň saýlaw kampaniýasyna zeper ýetirmek barada Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan görkezme berlendigini ýanwar aýynda mälim etmeginden soň Kongressiniň ençeme komiteti mesele boýunça derňew geçirdiler.

Moskwa ähli aýyplamalary ret edýär, Tramp hem aňtaw gulluklarynyň Orsýetiň saýlawlara goşulyşandygyny görkezýän subutnamalaryny ret edýär.

XS
SM
MD
LG