Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň kömür käninde ölenleriň sany 35 adama ýetdi


Eýranyň halas ediş gullugynyň işgärleri Gülüstan welaýatyndaky Zemestanýurt kömür käninde gözleg işleriniň geçirýärler.
Eýranyň halas ediş gullugynyň işgärleri Gülüstan welaýatyndaky Zemestanýurt kömür käninde gözleg işleriniň geçirýärler.

Eýranyň halas ediş gullugynyň işgärleri ýurduň demirgazygyndaky kömür käninde bolan partlamadan soň, gözleg işlerini ikinji güni, ýagny 4-nji maýda hem dowam etdirdiler. Eýranyň Zähmet ministrligi ölenleriň sanynyň 35 adama ýetendigini aýdan mahaly, wakada diri galanlary tapmak ugrundaky umytlar azaldy.

3-nji maýda Eýranyň Gülüstan welaýatyndaky Zemestanýurt kömür käninde partlamanyň emele gelen wagty, ýeriň 1800 metr astynda 80 çemesi işgäriň bolandygy aýdylýar.

Ölenleriň arasynda öz kärdeşlerine kömek etmäge synanyşan mahaly, nagymyň çökmegi netijesinde heläk bolan işgärler hem bar diýip, ýarym resmi “Fars” habar agentligi ýurduň zähmet ministri Ali Rabieiýe salgylanyp habar berdi.

Eýran mediasy partlamanyň emele gelen wagtynda, kömür käninde näçe adamyň bolandygy barada gapma-garşy maglumatlary berdiler.

3-nji maýda Eýranyň ýerli mediasy ýaralananlaryň sanynyň 69 adama barabardygyny habar berse-de, wakada ýaralanan işçileriň soňky sany aýdylmaýar.

Ýurduň döwlet eýeçiligindäki mediasy ilkibada ölenleriň sanynyň artýandygy barada maglumat bermedi.

Döwlet telewideniýesinde göni efirde görkezilen maglumatda Tebigy betbagtçylyklara garşy göreş boýunça edaranyň welaýat ýolbaşçysy Sadeh Ali Mohdam 22 jesediň tapylandygyny aýtdy.

Eýranyň häkimiýetleri ýeriň astyndaky kömür käninde metan gazynyň jemlenmeginiň partlama sebäp bolandygyny aýtdylar.

Gülüstan welaýaty partlamada pida bolanlaryň hormatyna üç günlük ýas yglan etdi diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi habar berdi.

Prezident Hassan Rohani öz hökümetinden ýeriň astynda galanlary halas etmek üçin, mümkin bolan ähli serişdelerden peýdalanmagy talap edýän karary çykardy diýip, döwlet eýeçiligindäki “IRNA” habar agentligi ýazýar.

2016-njy ýylda Eýran 168 million tonna kömür öndürdi. “Reuters” habar agentliginiň maglumatynda, Tähranyň ýadro hereketlerini çäklendirmek barada 2015-nji ýyldaky ylalaşygyň yz ýany, bu görkezijiniň ondan öňki ýyl bilen deňeşdirende artandygyny aýdýar.

Eýran özüniň öndürýän kömrüniň ujypsyzja bölegini daşary ýurtlara eksport edip, onuň aglaba bölegini ýerli demir önümçiliginde ulanýar.

XS
SM
MD
LG