Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan tölegli ýollaryň maslahatyny edýär


Aşgabat, "10 ýyl Abadançylyk" köçesi
Aşgabat, "10 ýyl Abadançylyk" köçesi

Türkmen häkimiýetleri ýollary awtomatiki usulda sürüjilerden töleg tutjak gurallar bilen abzallaşdyrmagy planlaşdyrýar diýip, “Gündogar” saýty “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.

Türkmen neşiri Awstriýanyň “Kapş Trafik Kon AG” kompaniýasynyň wise-prezidenti, Türkmenistana transport we logistika barada geçirilýän halkara konferensiýa çagyrylan Mihael Gşnitser bilen söhbetdeşligi çap etdi.

“Ýollaryň ulanylandygy üçin töleg almak döwletiň boýnundaky maliýe ýüküni ýeňledýär we raýatlary ýollaryň ýagdaýyna has jogapkär edýär, sebäbi islendik düzgün bozma awtomatiki ýagdaýda ýol töleginiň köpelmegine, kähalatda bolsa jerime sanksiýasyna getirýär” diýip, M.Gşnitser aýdypdyr.

Şeýle-de ol Türkmenistanyň degişli edaralary bilen Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň bir böleginde uly ýük çekýän kommersiýa maşynlaryndan töleg tutmak barada synag proýetkniň maslahatynyň edilýändigini aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG