Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda tebigy gazyň ‘örän baý ýatagy’ açyldy


Balkanabat, Hazar gaz kompressory
Balkanabat, Hazar gaz kompressory

Türkmenistanyň “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri Hazarýaka sebitinde ýerleşýän Uzynadada tebigy gazyň örän baý ýatagyny açdylar diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, “Türkmennebitiň” burawçylary Türkmenistanda ilkinji gezek çuňlygy 7 müň 150 metre deň bolan guýunyň buraw işlerini tamamladylar. Geçirilen geofiziki barlaglar bu guýynyň 6689-6695 metrliginde gazyň senagat akymynyň bardygyhny görkezipdir.

Deslapky hasaplamalara görä, häzirki wagtda guýynyň önüm berijiligi gije-gündizde 500 müň kub metr tebigy gaza we 150 tonna gaz kondensatyna barabar diýip, TDH ýazýar.

Gaz gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýan “Galkynyş” gaz ýatagyna eýe bolan Türkmensitan, iň uly gaz alyjysy Orsýeti ýitireninden soň, esasan Hytaý bilen galyp, daşary ýurt puluna mätäç ýagdaýa düşdi diýip, ekspertler aýdýarlar.

Türkmen hökümeti Hazaryň üstünden Ýewropa, Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana gaz satmak isleýär, emma bu islegiň haçan amala aşjagy belli bolman galýar.

XS
SM
MD
LG