Sepleriň elýeterliligi

Makron 66% ses bilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňdi


Fransiýada prezident saýlanan Emmanuel Makron, Pariž, 7-nji maý.

Fransiýada 7-nji maýda geçen prezident saýlawynda öz milletçi bäsdeşi hanym Marine Le Penden aňsatlyk bilen üstün çykan 39 ýaşly Emmauel Makron Fransiýanyň Ýewropa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi wada etdi.

8-nji maýda sesleriň tas hemmesi sanalyp tamamlanynda, resmiler berlen 47 million sesiň 66.06 prosentini Makronyň alandygyny aýtdylar.

Pikir soraýyşlaryň görkezmegine görä, ozal saýlaw arkaly hiç bir wezipede bolmadyk öňki ykdysadyýet ministri we bankir merkezçi Makronyň “En Marche!” (Öňe!) atly hereketi 11-nji we 18-nji iýunda geçjek parlament saýlawlarynda hem birinji bolar.

Makronyň ýeňşi Ýewropanyň uly böleginiň rahatlyk bilen dem almagyna getirdi. Sebäbi Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy ileri tutmagyndan we noýabrda Amerikada Donald Trapmyň prezidentlige saýlanmagyndan soňra geçen saýlaw gowy netijelere getirmez diýlip howatyr edilipdi.

Makron Parižde “Louvre” muzeýiniň öňünde öz tarapdarlaryna ýüzlenip, ýurtda täze döwre girilýändigini aýtdy, Fransiýany we Ýewropany goramagy, “Ýewropa bilen onuň raýatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary täzeden gurmagy” wada etdi.

Ol soňra hem aşa sagçy lider Le Pene berlen 11 million sese salgylanyp: “Men Fransiýa zyýan ýetirýän bölünişiklere garşy göreşerin” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

23-nji aprelde saýlawyň birinji tapgyrynda üstün çykan 39 ýaşyndaky Makron Ýewropa Bileleşiginiň we söwda platformasynyň tarapyny çalyp, kampaniýa alyp bardy. Onuň bäsdeşi immigrantlara garşy 48 ýaşyndaky Marine Le Pen bolsa Fransiýany 28 agzaly bileleşikden çykarmagy we ýewro walýutasyny terk etmegi isleýärdi.

Ýewropa komissiýasynyň başlygy Jean-Klud Ýunker: “Fransiýanyň Ýewropanyň geljegini saýlamagyna begenýärin” diýip, “Twitterde” ýazdy.

Makrony gazanan ýeňşi bilen gutlan dünýä ýolbaşçylarynyň ýene biri amerikan prezidenti Tramp boldy.

“Fransiýanyň indiki prezidenti hökmünde bu gün gazanan uly ýeňşi bilen Emmanuel Makrona gutlag aýdýaryn. Onuň bilen bile işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Tramp “Twitterde” ýazdy.

Saýlaw çekeleşikli kampaniýanyň ýokary derejesinde bolup geçdi. Le Pen Makryony yslam fundamentalizmi we fransuz döwletine howp salýan beýleki potensial howplar barada ýumşak elitist diýip atlandyrdy.

Kampaniýanyň dowamynda Makron hem Le Peni “hiç kimiň tarapyndan gürlemeýän gorky we ýigrençden peýdalanýan gorky ruhanysy” diýip häsiýetlendirdi. Ýöne saýlawdan soňra ol fransuz jemgyýetindäki bölünişikler adamlaryň “ekstremizme ses bermegine” getirdi diýdi.

Öz kakasy tarypndan gurlan Milli front partiýasyna ýolbaşçylyk edýän hanym Le Pen “ýewro bankirleriň puly, halkyň puly däl” diýip, ýewrony terk edip, Fransiýada ýurduň öňki puly frankyň ulanylmagy barada kampaniýa alyp bardy.

Le Pen saýlawdan soňra öz tarapdarlaryna: “Fransiýa respublikanyň täze prezidentini saýlady, öňküligiň dowam etmegine ses berdi” diýip, Makrondan ýeňlendigini boýun aldy.

Ol eden çykyşynda täze syýasy ýaranlyk döredip, iýunda parlament saýlawlaryna gatnaşjakdygyny we Fransiýanyň “garaşsyzlygyny, erkinligini, gülläp ösmegini, howpsuzlygyny, kimligini we jemgyýetçilik ülňüsini” goramak üçin “bu göreşe” özüniň ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.

Daşary syýasatda Makronyň ýurduň häzirki prezident François Hollanyň tutan ýoluny dowam etdirerine garaşylýar. Ol Hollandyň hökümetinde 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli ykdysadyýet ministri boldy.

Fransiýanyň saýlanan prezidenti saýlawyň birinji tapgyryndan bäri Orsýeti kiber hüjümleri bilen öz kampaniýasyna garyşmakda aýyplap gelýär. Moskwa bolsa Berlin we Waşington tarapyndan edilen öňki aýyplamalary ret edişi ýaly, bu aýyplamalary-da ret edýär.

Fransuz syýasatçylarynyň aglaba köplügi, Ýewropa ýolbaşçylary, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň öňki prezidenti Barak Obama dagy Makrony berk goldadylar

Fransiýada prezident bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar. Makronyň kasam edişlik dabarasy 14-nji maýda bolar diýip çaklanýar.

XS
SM
MD
LG