Sepleriň elýeterliligi

Krymyň sudy AÝ/AR-nyň habarçysynyň işi boýunça diňlenişige başlady


Çepden saga: Žurnalist Mykola Semena, aklawçylar Оleksander Popkow we Emil Kurbedinow, 10-njy maý, 2017

Krymyň Simferopol şäherinde 10-njy maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň 66 ýaşly habarçysy, krymly žurnalist Mykola Semenanyň sud işi başlandy.

Suduň 10-njy maýda geçiren diňlenişiginde iki şaýat çykyş etdi, sudýa indiki diňlenişigiň gününi 22-nji maýa belledi. Indiki diňlenişikde Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň işgäriniň (FSB) çykyş etmegine garaşylýar.

Semenanyň günäli tapylan ýagdaýynda bäş ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi mümkin. Orsýet 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainada bölüp, öz düzümine goşmagyna garşy çykyş eden Krymyň ýaşaýjylarynyň ençemesini tussag etdi.

Semenanyň sudy 20-njy martda başlanaly bäri, dürli sebäplere görä, üç gezek yza tesdirlipdi.

Krymyň Kreml tarapyndan bellenen häkimiýetleri Semenany Orsýetiň territorial bütewüligini bozmakda aýyplaýarlar. Semena özüniň bigünädigini aýdýar. Ol Krymyň statusynyň henizem soragly galýandygyny aýdyp öz pikirini açyk mälim etmäge hukugynyň bardygyny nygtaýar.

AÝ/AR-nyň prezidenti Tomas Kent Semena garşy gozgalan işi “Orsýetiň we orsýetçi häkimiýetleriň AÝ/AR-nyň žurnalistleriniň Krymyň ýaşaýjylaryna garaşsyz maglumat bermek boýunça missiýasyny agyrlaşdyrmak ugrundaky ylalaşylan tagallalaryň bir bölegi” diýip, atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG