Sepleriň elýeterliligi

Rus blogçysy türmeden şertli tussaglyk bilen gutuldy


Ruslan Sokolowskiý

Rus sudy bloggeri YouTube wideolary, şol sanda ybadathanada “Pkemen go” oýnuny görkezmek bilenýigrenje meçew bermekde wedindarlaryň duýgularyny masgaralamakda günäli tapyp, türmä basmakdan boýun gaçyrdy.

Uralyň Ýekaterinburg şäherindäki sud 22 ýaşyndaky Ruslan Sokolowskä, günäli tapanyndan soň, 3 ½ şertli tussaglyk hökümini çykardy. Onuň günäli tapylmagy hukuk aktiwistleriniň uly ýazgarmasyna sebäp boldy.

Şertli tussaglyk bloggeriň türmäniň içine salynmajakdygyny aňladýar.

Sokolowskiý sentýabr aýynda, bu oýnuň gyzan wagtynda – awgustda Ýekaterinburdaky ybadathanada “Pokemen go” oýnuny görkezýän wideony çap edeninden soňtussag edildi.

Sokolowskiniň YouTube kanalynyň şol wagt 300 müň çemesi abunaçysy bardy we onuň bu oýny ybadathanada oýnamagy döwlet telewideniýesinde berlen duýduryşyň yz ýanyna gabat geldi. Telewideniýe ol oýnuň dini ýerlerde oýnalmaly däldigini duýdurypdy.

Bu wideoda, kanalda ýerleşdirilen beýleki ýazgylarda bolşy ýaly, ykrar edilen ateist Sokolowskiý gödek sözleri ulanýardy we guramaçylykly diniň üstünden gülýärdi.

Netijede, Pokemen wideosy we beýlekiler ‘ýigrenje meçew bermek we dine ynanýanlaryň duýgularyny ynjytmak’ aýyplamalarynyň bildirilmegine getirdi.

Prokurorlar Sokowlowskä 3 ½ ýyl türme tussaglynyň berilmegini soradylar, emma ol özüniň hiç hili zorlukly hereket etmändigini we hiç bir jähtden ekstremist däldigini öňe sürdi.

Sudýa Ýekaterina Şoponýak öz höküminde eger-de ol üç ýyl synag möhleti içinde kanuny bozsa, şertli tussaglygyň hakyky tussaglyk bilen çalşyrylyp biljekdigini aýtdy. Şeýle-de ol sorag astyndaky YouTube wideolarynyň aýrylmalydygyny aýtdy.

Şoponýak metbugatda Sokolowskiniň diňe “Pokemen go” oýny üçin ýanalýan adam hökmünde häsiýetlendirilmeginiňbirtaraplylyk bolandygyny, onuň ýigrenç sözi we dindarlary masgaralandygy sebäpliaýyplanandygyny nygtady.

Sokolowskiý hökümden soň, sud jaýynyň daşynda žurnalistlere özüniň aklanmagyna garaşmandygyny, azatlyga çykamagyndan “örän kanagatlanandygyny” aýtdy.

Ol öz şertli tussaglygynyň hakyky tussaglyga öwrülmezligi üçin “jemgyýetçilige peýdaly bolmagy” planlaşdyrýandygyny hem sözüne goşdy.

Rus sudlarynda aklaw hökümleri seýrek çykarylýar. Kremliň tankytçylary bu sudlaryň köplenç prezident Wladimir Putiniň hökümeti we regional häkimiýetler bilen söwda gatnaşygyna girýändiklerini aýdýarlar.

Rus häkimiýetleri soňky ýyllarda, öz nukdaý nazarlaryndan,internetde ýigrenç sözüni ýa-da ekstremist häsiýetli materiallary ýerleşdiren şahslary berk yzarladylar.

Hukuk aktiwistleri bu meselede açylan jenaýat işleriniň köpüsiniň konstitusiýa tarapyndan goralýan sözlere degişli bolandygyny aýdýarlar.

Sokolowskiý esasan 2013-nji ýylda kabul edilen gapma-garşylykly kanun esasynda sud edildi, bu kanun dindarlaryň dini duýgularyny kemsitmek maksadyny yzarlaýan jemgyýetçilik hereketleri üçin 3 ýyl azatlykdan mahrum etmegi nazarda tutýar.

Şeýle-de bu kanun dini guramalaryň işlerine gatyşylmagyny jenaýat hasaplaýar we hukuk goraýjylar bu ýagdaýyň başga pikirlilileri sem etmek üçinulanylyp bilinjekdigini aýdýarlar.

Sokolowskiý hökümden soň bu kanuny tankyt etdi we internetde komment ýazan islendik adamyň türmä basylyp biljekdigini aýtdy.

Orsýetiň prawoslaw ybadathanasynyň täsiri Putiniň 17 ýyllyk dolandyryşy mahalynda kem-kemden güýçlenip, şu günki ýagdaýyna geldi. Orsýetlileriň aglaba köplügi özlerini prawoslaw hristian hasaplaýan-da bolsa, pikir soramalar olaryň juda az böleginiň ybadathana gatnaýandygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG