Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan parahorluga garşy göreş boýunça programmany işläp düzer


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda korrupsiýa we parahorluga garşy göreş boýunça programma işlenip düzüler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji maýda geçirilen hökümet maslahatynda mälim etmegine görä, ol parahorluga garşy programmany gysga wagtda işläp düzmek işini Milli howpsuzlyk geňeşine we Mejlise tabşyrypdyr.

“Programmanyň esasy maksady jemgyýetimizde korrupsiýanyň döremeginiň sebäplerini we şertlerini aradan aýyrmakdan ybaratdyr” diýip, türkmen döwlet habar agentligi THD Berdimuhamedowy sitirleýär.

Munuň öňüsyrasynda Türkmenistanda korrupsiýa baş goşmakda aýyplanyp, baş prokuror we onuň bilen bilelikde prokuraturanyň onlarça işgäri işden boşadyldy we tussag astyna alnandy.

Şeýle-de Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç berildi.

Halkara guramalarynyň, şol sanda “Transparency International” guramasynyň ýyllyk hasabatlarynda Türkmenistan ýyllarboýy dünýä derejesinde iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda görkezilýär.

XS
SM
MD
LG