Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaaga sudy Pakistanyň hindi ofiserine beren ölüm jezasy boýunça şikaýata garaýar


Halkara Adalat sudunyň (ICJ) prezidenti Ronny Abraham
Halkara Adalat sudunyň (ICJ) prezidenti Ronny Abraham

18-nji maýda Halkara Adalat sudunyň (ICJ) Hindistanyň Pakistandan öz raýatyna öňki harby ofiserine ölüm jezasy hakynda çykaran kararyny ýatyrmak talaby boýunça şikaýatyna garamagyna garaşylýar.

BMG-niň Gaadaky sudy öz prezidenti Ronny Abrahamyň karary günortan köpçülikleýin diňlenişikde okajagyny mälim etdi.

15-nji maýda geçirilen adatdan daşary diňlenişikde Hindistanyň wekili Kulbushan Sudhir Jadhawa geçen aýda çykarylan ölüm jezasynyň “adalatsyz” suduň netijesinde berlendigini we Yslamabadyň bu iş barada maglumat bermek hakynda Nýu Deliniň talabyny berjaý etmändigini mälim etdi.

Emma Pakistanyň wekilleri Jadhawyň “Pakistanda bigünä raýatlary we infrastrukturany terror etmek üçin Hindistan tarapyndan iberilendigini boýun alandygyny” sudda aýtdylar.

Pakistanyň resmileri Jadhawyň 2016-njy ýylda Baloçistan regionynda tussag edilendigini aýdýarlar. Nýu Deli Jadhawyň içalydygy hakyndaky aýyplamalary ret edýär we onuň Eýrandan ogurlanandygyny aýdýar.

Bu mesele ýadro ýaragyna eýe bolan iki goňşy ýurduň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG