Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI moldowan prezidentiniň anti-geý çykyşyny tankyt etdi


Moldowanyň polisiýasy we özlerini prawoslaw ruhanylary we dine ynanýanlar diýip atlandyran adamlar.
Moldowanyň polisiýasy we özlerini prawoslaw ruhanylary we dine ynanýanlar diýip atlandyran adamlar.

“Amnesty International” guramasynyň Moldowadaky bölümi prezident Igor Dodon özüniň moldowan geýleriniň prezidenti däldigini aýtmak bilen, ýurduň Konstitusiýasyny bozdy diýdi.

21-nji maýda Moldowanyň LGBT jemgyýeti tarapyndan guramalaşdyrylan ýöriş başlanyndan gysga wagt soň durzuldy. Bu waka ýurduň polisiýasy özlerini prawoslaw ruhanylary we dine ynanýanlar diýip atlandyran adamlar tarapyndan guramalaşdyrylan protestçiler bilen dörän gapma-garşylyklary ýatyrmaga synanyşmagyndan gysga wagt soňa gabat geldi.

LGBT ýörişine gatnaşanlara anti-geý protestçileri ýumurtgalary zyňansoň, polisiýa LGBT ýörişine agtnaşanlaryň ençemesini awtobuslara mündirip, wakanyň bolan ýerinden ewakuasiýa etdi.

Şol güni beýleki bir festiwala gatnaşan Dodon žurnalistlere beren maglumatynda: “Men hiç haçan geýleriň prezidenti boljakdygymy wada bermedim. Olar öz prezidentlerini saýlamalydylar” diýdi.

22-nji maýda adam hukuklaryny gorap çykyş edýän “Amnesty International” guramasynyň Moldowadaky bölümi Dodonyň bu çykyşynyň “ýurduň Konstitusiýasyny berk bozulmagynyň” alamatydygyny aýdyp, moldowan Konstitusiýasynyň “döwlet baştutanyna ýigrenji öjükdirmegi we her bir moldowan raýatynyň hukuklaryna hormat goýmagy borçly edýändigini” belledi.

Guramanyň beýanatynda Dodonyň çykyşynyň diňe ýurduň Konstitusiýasyny we beýleki moldowan kanunçylygyny bozmak bilen çäklenmän, eýse, Moldowanyň hormat goýmagy wada beren halkara kanunlaryny hem basgylaýandygy nygtalýar.

XS
SM
MD
LG