NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg ýaranlygyň agzalary 25-nji maýda NATO-nyň “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy halkara koalisiýa gatnaşmagy babatda ylalaşyga gelmeli diýýär.
"Bu NATO-nyň terrorizme garşy göreşe ygrarlydygy babatda güýçli syýasy yşarat bolar” diýip, Stoltenberg Brýusselde, 28 agzaly ýaranlygyň liderleriniň duşuşygynyň öňüsyrasynda aýtdy. Bu duşuşyga ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem gatnaşýar.
Emma muňa garamazdan, Stoltenberg bu planyň NATO-nyň Siriýada we Yrakda YD-nyň we beýleki ekstremist toparlaryň garşysyna söweşmek roluny öz içine almaýandygyny nygtady.
NATO-nyň 28 agzasynyň hemmesi eýýäm ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda 68 döwletiň gatnaşmagynda döredilen we “Yslam döwleti” toparyny derbi-dagyn etmegi maksat edinýän global koalisiýanyň agzalary bolup durýar. Emma NATO bir gurama hökmünde, ABŞ-nyň basyşlaryna garamazdan, häzire çenli bu göreldä eýermän gelýärdi.
Fransiýa, Germaniýa we Italiýa ýaly agza döwletler, aýdylmagyna görä, ýaranlygy gury ýer uruşlaryna çekmekden gaça durmak we arap güýçleri bilen aragatnaşyklaryny bozmak töwekgelligine uçramazlyk üçin, bu çärä garşy çykyp geldiler.
Tramp ABŞ-nyň prezidentligine kampaniýa geçirýän wagtynda NATO-ny “möwritini ötüren” diýip yglan etdi we onuň yslamçy terrorçylardan abanýan wehime garşy durmagyň we goranyş babatdaky borçnamalarynyňhötdesinden gelmeýändigini aýtdy.
Emmaaprel aýynda, ýaranlaryň we uly derejeli amerikan resmileriň gaýta-gaýta eden çagyryşlaryndansoň, olaryň harby çykdajylaryny köpeldip, NATO-nyň terrorçylyga garşy missiýasyny goldamagy netijesinde,Tramp NATO-nyň “indi könelişen däldigini” aýtdy.
NATO-nyň duşuşygynda esasy iki meselä - NATO-nyň 28 agzasynyň ählisiniň ylalaşylan goranyş harajatlaryny çykarmagy üpjün etmegine hem-de Angliýanyň Mançester şäherinde bolan partlamadan soň terrorizme garşy göreş meselelerine üns berilmegine garaşylýar.
NATO Ýewropada terrorizme garşy göreşiň has gowy hereket planyny düzmek, ýaranlygyň ştablarynda ýöriteleşdirilen nokatlary döretmek, terrora garşy operasiýalar boýunça utgaşdyryjylary bellemek boýunça ylalaşar.
Şeýle-de ol ýaranlygyň howpsuzlyk üçin çykarylýan harajatlary has deňeçer möçberlerde çekişmek,agza ýurtlaryň ýylda jemi içerki önümiň 2 prosentini goranyşa harçlamak baradaky borçnamalaryny gaýtadan tassyk edip, Trampyň edýäntalaplaryny ýerine ýetirjekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Reks Tillerson 24-nji maýda, Donald Trampyň ýanwarda işe başlaly bäri edýän ilkinji daşary ýurt saparynyň çäginde Brýussele uçup gelýän wagty, uçaryň üstünde žurnalistlere prezidentiň NATO agzalarynyň jemi içerki önümiň 2 prosentini goranyşa harçlamak bilen, “öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin doly tijenmegini” isleýändigini aýtdy.
Geçen ýyl NATO-nyň goranyş üçin harajatlaryny çekmekde diňe ABŞ, Britaniýa, Polşa, Estoniýa we Gresiýaöz borçnamalaryny ýerine ýetirip bildi, Latwia, Litwa, Rumyniýa bolsa bu ugurdaky borçnamalaryna golaý geldi. Waşington NATO-nyö harajatlarynyň 70 prosent çemesini maliýeleşdirýär, agza döwletleriň ählisi ýaranlygyň gündelik adminstrasiýa işleriniň hem-de gurluşyklarynyň çykdajylaryny paýlaşýarlar.