Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ulag bombaçysy gündogar Owganystanda 12 adamy öldürdi


Khostda bolan partlama
Khostda bolan partlama

Güman edilýän janyndan geçen bombaçy günorta owgan şäheri Khostda 27-nji maýda, musulmanlaryň mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde azyndan 12 adamy öldürdi. Welaýat polisiýasynyň başlygy Faizullah Ghairat 12 öldürildi, 8 adam ýaralandy diýdi we olaryň ýagdaýynyň agyrdygyny sözüne goşdy.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Najib Daniş 13 adam öldürildi diýýär, ol ilki 18 adamyň ölendigini hem habar berdi. Ol AFP habar gullugyna bu partlamanyň jemgyýetçilik awtobusynyň duralgasyny urandygyny aýtdy.

Emma Khostuň polisiýa başlygy Faizullah Ghairat hüjümde ABŞ tarapyndan tälim berlen ýerli polisiýa güýçleriniň konwoýynyň nyşana alnandygyny aýtdy.

Bu hüjüm Kandagardaky harby bazada “Talyban” söweşijileri tarapyndan 15 sany owgan esgeriniň öldürilen gününiň ertesi guraldy.

XS
SM
MD
LG