Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Raýat türkmen migrantlarynyň pasport kynçylygynyň ýeňledilmegini soraýar


Hormatly Arkadag,

Türkiýede we beýleki ýurtlarda köne pasport bilen gezen müňlerçe raýatymyz bar. Bu raýatlaryň köpüsi ýönekeý adam haklaryndan mahrum.

Medisina, okuw, iş şertleri kyn bolan raýatlarymyz bar. Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, biziň hem raýatlarymyz zagranpasporty konsulluklarda we ilçihanalarda alyp bilseler, Sizden hoşal bolardyk.

Köne pasport bilen gezen raýatlarymyz biziň raýatlarymyzdyr. Olara eýe çykalyň. Daşary ýurtlardaky ilçihanalar we konsulluslyk edaralaryň edýän zady, peýdasy ýok.

Daşary işler we içeri işleri ministrlikleri döwletimiziň iç we daş ýüzidir. Olary düzetmesek, prestijimizem düzelmeýär.

Hormatly Arkadag, Sizden hayyşym raýatlarymyza eye çykalyň. Bary-ýogy 4-5 mln halkymyz bar. Zagranpasportlary konsulluk we ilçihanalarda bermäge mümkünçilik döredeliň. Proseduralary sadalaşdyralyň, kynlaşdyrmalyň.

Hormatlamak bilen, Türkmenistanyň raýaty.

XS
SM
MD
LG