Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel Ýewropanyň ABŞ we Britaniýa 'doly garaşly' däldigini aýtdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) Uly-7 sammitinde, Italiýanyň Taormina şäheri, 26-njy maý, 2017.
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (s) Uly-7 sammitinde, Italiýanyň Taormina şäheri, 26-njy maý, 2017.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Donald Trampyň ABŞ-nyň prezidenti saýlanmagyndan we Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagyndan soň Ýewropanyň Birleşen Ştatlara we Beýik Britaniýa mundan beýläk “doly garaşly” däldigini aýtdy.

Merkel 28-nji maýda Munhende saýlawlardan öňki çykyşynda sözlän sözünde ABŞ we Beýik Britaniýa ýaly ýaranlar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek zerur diýdi, emma olara mundan beýläk “doly bil baglap” bilmejegini we ýewropalylaryň “öz ykbalyny” öz eline almalydygyny belledi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýewropa eden saparyndan öz ýurduna dolanyp barmagynyň yzýany Germaniýanyň kanslerinden tapawutly garaýyşlary öňe sürdi.

“Men ýaňy Ýewropadan dolanyp geldim. Bu sapar Amerika üçin beýik üstünlik boldy. Agyr iş, emma uly netije!” diýip Tramp 28-nji maýda Twitter ulgamynda ýazdy.

Donald Tramp 26-njy maýda Ýewropa Bileleşiginiň liderleri bilen Brusselde geçiren duşuşygynda Germaniýany NATO-nyň harby çykdajylaryny berjaý etmezligi üçin tankyt etdi, şeýle-de habar berilişine görä, ol Germaniýanyň awtoulaglarynyň eksportyndan şikaýat etdi.

XS
SM
MD
LG