Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew Gyrgyzystanda prezidentlik saýlawlarynyň 15-nji oktýabrda geçiriljekdigini aýtdy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew 15-nji oktýabrda prezidentlik saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Atambaýew bu çykyşyny 29-njy maýda Gyrgyzystanyň ýaragly güýçleriniň 25-nji ýyl dönümi sebäpli geçirilen dabarada aýtdy.

Güýzde geçiriljek saýlawlaryň wagty şu çaka çenli kesgitlenmän galýardy.

Ýurduň Konstitusiýasy 2011-nji ýylda prezident saýlanan Atambaýewiň ikinji gezek wezipä dalaş etmegini gadagan edýär.

Dekabr aýynda Atambaýew ýurduň hökümet baştutanynyň wezipesini güýçlendirip, oňa prezidentden has köp ygtyýar berilmegi boýunça referendum geçirmegi teklip edipdi.

Ýurduň oppozision syýasatçylary referendumy Atambaýewiň prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyndan soň hem häkimiýet başynda galmak boýunça edýän synanyşygy bilen baglanyşdyrdylar.

Atambaýew premýer-ministr bolmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy, emma özüniň syýasatda galjakdygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG