Sepleriň elýeterliligi

Kabul partlamasynyň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady


Kabuldaky partlamada ölen adamyň jesedini alyp barýan ýaşaýjylar

Kabulda esasan diplomatlaryň ýaşaýan mähellesinde azyndan 90 admyň başyna ýetip, 400-den agdyk adamyň hem ýaralanmagyna getiren güýçli partlamanyň üstünden bir gün geçendigine garamazdan orta çykyp, onuň jogapkärçiligini öz üstüne alan topar entek ýok.

31-nji maýda Owganystandaky “Talyban” güýçleriniň sözçüsi Zabihullah Mujahid jogapkärçiligi ret edip, bu toparyň parahat ilatyň heläkçiligine sebäp bolýan nyşanasyz hüjümleri ýazgarýandygyny aýtdy.

Ýöne “Reuters” habar gullugynyň bildirmegine görä, Owganystanyň esasy aňtaw gullugy, Milli howpsuzlyk edarasy partlamany Talyban bilen ilteşikli Hakkani toparynyň Pakistanyň kömegi bilen amala aşyrandygyna ynanýar.

Goňşy Pakistan Daşary işler ministrligi tarapyndan çykarylan beýannamada “terroristik hüjümi” ýazgaryp, Owganystan bilen raýdaşlyk bildirdi.

Ozallar musulmanlaryň mukaddes aýy bolan oraza aýynda-da uly hüjümleri amala aşyran, şeýle hem ýaňy mart aýynda bir harby keselhana hüjüm edip, elliden agdyk adamy öldüren“Yslam döwleti” atly ekstremistik topardan bolsa eşidilen zat ýok.

Hüjüm tutuş dünýäde gahar-gazap döretdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň howpsuzlyk Geňeşi ony “elhenç we namartlarça” hüjüm diýip atlandyryp, ähli ýurtlary bu jenaýata baş goşanlaryň kimdigini anyklap, olary adalat öňüne getirmekde, owgan hökümeti bilen hyzmatdaşlyga çagyrdy.

Şeýle hem 31-nji maýda Geňeşiň 15 agzasy terrorizmiň ähli formasynyň we görnüşiniň halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna wehim salýan iň ýaramaz howplaryň biridigini ýene bir gezek tassyklady.

Kabulyň polisiýasy bir ýük ulagynda gizlenen partlaýjylaryň ir ertir gatnawly sagatlarda Wazir Akbar Han mähellesinde partlandygyny aýdýar.

Owgan hökümeti ölenleriň we ýaralananlaryň aglabasynyň aýallar we çagalardygyny aýtdy. Saglyk Ministrligi ölenleriň sanynyň mundan hem ýokary bolmagy mümkin diýip duýduryş berdi.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Najib Daniş Azatlyk Radiosyna 50-den agdyk awtoulagyň dargandygyny ýa olara zyýan ýetendigini aýtdy. Onuň bildirmegine görä, ençeme jaý hem dargapdyr.

“Biz ölenlere we ýaralananlara gaty gynanýarys. Bular ýal işleri, onda-da mukaddes oraza aýynda etmek adamkärçilikli zat däl” diýip, Kabulyň ýaşaýjysy Jawid aýdýar.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky “Resolute Support” (RS) missiýasy Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň awtoulagyň daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň, baş edaralarynyň ýerleşýän ýeri bolan we berk goralýan Ýaşyl Zolaga goýbermändiklerini aýtdy.

Ölenleriň köpüsi owgan raýatlary, ýöne ýaralananlaryň arasynda çet ýurtlular-da bar. Partlama dumly-duşdan ýazgaryldy.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani hüjümi “uruş jenaýaty” diýip häsiýetlendirdi.

Amerikan prezident Donal Tramp Gana jaň edip, gynanç bildirdi we goldaw berjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Reks Tillerson bir beýannamada “Birleşen Ştatlar Kabulda bolan şu günki ölümli hüjümi berk ýazgarýar” diýdi.

Beýannamada: “Birleşen Ştatlar Owganystanyň hökümetiniň we halkynyň tarapyndadyr. Ol olaryň ýurtda parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy ornatmak baradaky tagallalaryny goldamagy dowam etdirer” diýilýär.

Germaniýanyň daşary işler minisrti Sigmar Gabriel german ilçihanasynyň işgärleriniň ýaralanandygyny we bir owgan howpsuzlyk garawulynyň ölendigini habar berdi.

Germaniýanyň Içiri işler ministrligi başpena sorap beren haýyşnamasy kabul edilmedik owganystanly bir toparyň 31-nji maýa planlaşdyrylan deportasiýasynyň ýatyrylandygyny aýtdy.

“BBC” özüniň dört žurnalistiniň ýaralanandygyny we olaryň owgan raýaty bolan sürüjisiniň ölendigini habar berdi.

Eýranyň resmi habar gullugy “IRNA” ýurduň ilçisiniň ýaşaýan jaýyna agyr zyýan ýetendigini bildirdi.

Aýdylyşyna görä, Fransiýanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Hindistanyň we Gazagystanyň ilçihanalaryna-da zyýan ýetipdpir, ýöne olaryň işgärlerinden ýaralanan ýok.

NATO bir beýannamada “Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň, aýratyn-da, polisiýasynyň batyrlygyny” taryplady.

Halkara günä geçiş guramasy “Amnesty International” hüjümi “aýylganç zorlukly iş” diýip atlandyrdy.

Partlama Owganystan paýtagtynda amala aşyrylan hüjümleriň iň soňkusy bolup duýar. Kabul edilen dürli hüjümleriň netijesinde 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde iň agyr ýitgä uçran şäherdir.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG