Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň indiki tapgyry 12-13-nji iýunda gazak paýtagty Astanada geçiriler diýip, rus habar gulluklary Siriýanyň Moskwadaky ilçisiniň 3-nji iýunda aýdan sözlerine salgylanyp habar berdiler.
"Biz Gazagystandaky gepleşiklere gatnaşmak barada çakylyk aldyk, ol12-13-nji iýunda geçer” diýip, RIA ilçi Riad Haddadyň sözlerini sitirledi.
Emma muňa garamazdan, oppozisiýa entek bu gepleşiklere gatnaşyp-gatnaşmajagy barada belli karara gelenok diýip, Siriýa oppozisiýanyň wekili Ýahýa al-Aridi 3-nji iýunda TASS habar gullugyna aýtdy.
Astanada geçen aý geçirilen gepleşikler tapgyrynyň soňunda Türkiýe, Orsýet we Eýran 4-nji maýda Siriýada howpsuz zona döretmeklige çagyrýan jarnama gol çekdiler. Emma Siriýa oppozisiýasynyň käbir wekilleri bu gepleşiklerden çykyp gitdi.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok