Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň daýhanlaryna galla oragyna başlamak üçin ‘ak pata’ berdi.
TDH-nyň maglumatyna görä, galla oragy Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda 7-nji iýundan, Daşoguz welaýatynda bolsa, 14-nji iýundan başlanar.
Prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda türkmen daýhanlarynyň “ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändigini”, olaryň ýurtda “azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny” aýtdy.
Şeýle-de ol döwletiň daýhanlaryň “netijeli zähmet çekmegi, ýokary hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri döredýändigi” barada ozalam köp aýdan sözlerini gaýtalady.
Ýöne ol golaýda geçiren hökümet maslahatlarynda türkmen daýhanlarynyň ýaramaz işleýändigini, hasyllylygyň, öndürilýän önümleriň hiliniň pesdigini aýdyp, agrar pudagyň ýolbaşçylaryny reforma geçirmäge çagyrypdy.
Ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda daýhanlaryň iş şertleri ýyl-ýyldan agraldylyp, gazanç etmek mümkinçilikleri çäklendirilýär.
“Bu ýagdaýTürkmenistanyň import edilýän azyk önümlerine garaşlylygyny ýokarlandyrdy” diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berýär.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.