Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Janyndan geçen bombaçynyň wideosy arap dünýäsini sarsdyrdy


Wideodan bir pursat
Wideodan bir pursat

Ýakyn Gündogarda bir telekommunikasiýa firmasynyň taýýarlan Oraza baradaky telewideniýe reklamasynda, terrorçylykdan pida bolanlaryň janyndan geçen bombaçynyň öňüni alandygy suratlandyrylýar.

"Janyndan geçen bombaçy zorlugynyň öwezini merhemet bilen dolmaga" çagyryş edýän bir aýdymyň klipiniň ýaýradylmagy, sebitde güýçli jedeliň döremegine sebäp bolupdyr.

Käbir adamlar ekstremizme garşy bolan ol wideony goldaýan bolsa, käbirleri hem onyň "partladylan bombalaryň pidalarynyň ýatlamalaryny öz bähbidiňe ulanýandygyny we terrorçy obrazyny ýönekeýleşdirýändigini" öňe sürüp ýazgarýar.

Kuweýtdäki "Zain" atly hususy mobil telefon hyzmatyny berýän firmanyň surata düşüren ol wideosy internetde gysga wagtyň içinde ýaýrapdy.

Ol aýdymdaky "biz olaryň ganym hüjümlerine söýgi aýdymy bilen jogap bereris" diýen şygary goldaýanlar ýaly, şol bir wagtyň özünde ol wideonyň internetden pozulmagyny talap edýänlerem bar.

Wideo bir jihatçynyň janyndan geçen bombaçy höküminde hüjüme görýän taýýarlygy bilen başlaýar. Ol biline janyndan geçen hüjümçiniň bombaly guşagyny daňyp, köçä gadam basýar welin, onuň ýoluny şol mahal toýa taýýarlanýan öýlenjek ýigit we agtyjagyny gujagyna alan bir ata kesýär.

Ol ýerdäki çaga obrazynyň ýanynda: "Hemmesini Alla aýtjak. Oňa şeýle diýjek: Siz mekdepdäki orunlary boşadyp, gabyrystanlary çagalardan doldurýarsyňyz" diýen sözler ýazylýar.

Ol wideoklipde Aleppo bombalanan mahaly gorkusyndan aglap bilmeýän Omran Dagneeşiň roluny bir çaga aktýor ýerine ýetirýär.

Ol wideoda, şol bir wagtyň özünde Iordaniýanyň Amman şäherinde gurnalan bir toý dabarasy mahalynda partladylan bombadan aman gutulan gelniň, Bagdatda gurnalan terrorçylykly hüjümde ogluny ýitiren bir garry adamyň obrazlary bar.

Tutuş aýdym boýunça "Alla beýikdir!" diýen sesler bilen keleme-şahadat getirilişi eşidilýär.

"The Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, oraza günlerinde arap dünýäsinde telekanallara has köp tomaşa edilýär. Şonda terrorçylyga garşy taýýarlanan klipler hem goýberilýär. Ýöne Zainiň düşüren wideosy ýaly güýçli jedel döreden başga bir reklama şu wagta çenli bolmandyr.

Tutuş arap dünýäsinde sosial media ulanýanlar wideo barada güýçli jedel alyp barypdyr. Olaryň käbiriniň ýazmagyna görä, terrorçylygyň pidalaryny döredýänler jyhadçylar däl-de režimlerdir.

Köpsanly teswirde aýdylşyna görä, wideoklip terrorçylygy ýazgarýanam bolsa, onuň syýasy sebäplerini ýaňzytmaýar.

XS
SM
MD
LG