Sepleriň elýeterliligi

Oppozisiýa lideri Omurbek Tekebaýew sud edilýär


“Ata-Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýew

Gyrgyzystanyň oppozision “Ata-Meken” partiýasynyň lideri Omurbek Tekebaýewiň işi boýunça sud diňlenişigi başlandy. Tekebaýew özüne garşy ýöňkelen para almak bilen bagly aýyplamanyň galpdygyny we syýasy matlaplydygyny aýdýar.

Sudýa Aibek Ernis-Uulu 8-nji iýunda başlanan diňlenişigiň dowamynda žurnalistleriň surat almagyna rugsat bermedi.

Tekebaýewiň ençeme tarapdary we egindeşi öňki adatdan daşary ministri Duişonkul Hotonow sudýanyň kararyna garşylyk bildirip, sud jaýynyň öňünde protest geçirdiler.

Tekebaýew we Hotonow 2010-njy ýylda orsýetli biznesmenden 1 million dollar möçberinde para almak bilen bagly aýyplamalaryň esasynda sud edilýärler. Tekebaýew agzalan döwürde premýer-ministriň orunbasarydy.

Syýasatçylaryň ikisi-de bu aýyplamany ret edýärler we onuň syýasy matlaplydygyny aýdýarlar.

“Ata-Meken” partiýasy hökümetiň Tekebaýewe garşy iş gozgamagynyň sebäbini oktýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda tankydy gowşatmak we syýasatçynyň prezidentlige dalaş etmezligini gazanmak islegi bilen baglanyşdyrýar.

XS
SM
MD
LG