Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gözi ýaşly eneleriň arzy


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Çunnur hormatlanýan Arkadagymyz!

Bu haty bigünä töhmet atylyp azatlykdan mahrum edilen we dürli jewir-sütemlere sezewar edilen perzentleriniň düşen kyn ahwalyna aglaýan eneleriň adyndan sizden adalat, hemayat we kömek sorap ýazýaryn!

Belki ol eneler size arz-şikayatlaryny yetirip bilen däldirler pikiri bilen ýewropa döwletiniň ýaşaýjysydygyma garamazdan bigüna ildeşlerimize edilen bikanun jebri-jepalary size ýetirmekligi we olaryň ýagdaýyny Size dogry düşündirip bilen yagdayymda olara hemayat etjekligiňize bolan ynanjym bu haty galama almagyma sebäp boldy.

Beýik Biribaryň penasynda, siziň parasatly ýolbaşcylygyňyzda berkarar döwletimizde il-ulysymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyna buýsanyp, watanymyzyň mundan beyläk hem güllap ösmegi üçin, alyp barýan işleriňiziň rowaçlanmagyny diläp yördük. Bir ene-ata hökmünde watan öňündäki iň uly borjumyzyň perzentlerimiziň watana wepaly, arassa ahlakly terbiýeli edip ýetişdirmekdigine ynananlygymyz üçin, halal zähmetimiz bilen ekläp-saklap, terbiýeläp kemala getirdik.

Perzentlermiziň il halar, arassa ahlakly, watanyny we halkyny söýýän, bir döwüm çöregni goňşysy bilen paýlaşýan ogullar bolup ýetişendigine diňe biz däl, töwerek daşymyzyň hem şaýatlygyna buýsanjymyz çäksizdi. Jemgyýetimize zyýanly ýaramaz endiklerden (serhoş ediji içkilerden we neşe serişdelerinden) päk, hiçkimiň malyna we namysyna göz dikmän, döwlet emlägine zeper ýetirmän halal zähmetleri bilen ýaşap ýörkäler, nähak töhmete sezewar boldylar.

Bu ogullarymyz öň hiç hili jenaýat jogapkärçiligine çekilmediklerine we haklarynda (üstlerinden) hiç hili arz şikaýat ýokdygyna garamazdan, polisiýa tarapyndan oýlerinden äkidilip, birnäçe aý hiç bir hossaryna görkezilmän tutsagda saklanylyp, dürli gynamalar we jebir sütemler bilen etmedik jenaýatlaryny boýnuna goydylar. Hiç bir jannara rowa gorülmejek eziýetler rowa görüldi.

Olaryň dyrnaklaryna iňňe batyrylyp, ömürlerinde hiç içki içmedik adamlara zor bilen içki içirilip, elleri aýaklary döwülýänçä, huşlary başlaryndan gidyänçä taýak bilen ýenjilip, sowuk betonlarda aç-suwsuz ýatyrylyp, ynsan mertebesini kemsidiji agza alynmajak paýyş sözler sarp edilýärdi. Olara özleriniň bigünadigini subut etmek üçin hiç hili mümkinçilik berilmedi. Hatda sudyň boljak ýeri, wagty hossarlaryna aýdylmady, aklowçy tutmaklyga we suda gatnaşmaklyga rugsat berilmedi.

Eysem bu adamlaryň günäsi nämeka? Türkmen-Türk mekdeplerinden ýada Halkara Türkmen -Türk uniwersitetinden uçurym bolmaklarymy? Ýada bu mekdeplerde okap ylym, bilim we terbiýe alyp, ençeme ýyllap dünýäniň dürli künjeklerinde geçirilen bilim olimpiýadalaryna gatnaşyp altyn-kümüş medallar gazanan we baýrakly orunlara mynasyp bolup Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl tugyny buýsanç bilen pasyrdadan ýaşlara guwanmak we olara goldaw bermekmika günaleri?!

"Daragt miwesinden tanalar" diýlişi ýaly bu bilim ojaklarynda ýetişen raýatlarymyzyň medeniýetli, ynsanperwer ylymly bilimli halkyna we Watanyna jany-teni bilen hyzmat edýän adamlardygyna olary tanaýan, ynsabyny ýitirmedik we wyjdany ýerinde bolan her ynsan şaýat ahyryn! Bir döwletiň iň gymmatly baýlygynyň aňly-düşünjeli, arassa ahlakly, il bähbidini şahsy bähbidinden ileri tutýan, ylmyň gazananlaryny aňyna siňdiren we Watanyny gülletmek ugrunda öz mynasyp goşandyny goşmak üçin maksada okgunly hereket edýän raýatlarynyň barlygy bilen ölçelýändigini hemmämiz bilýäs.

Eýsem bu gymmatly baýlygymyz bolan; ylmyň we zähmediň dürli ugurlarynda ýetişip kemala gelen raýatlarymyzyň kimdir biriniň şahsy bähbitleri üçin pida edilmekligi Watana hyýanat dälmidir?! Çagalygyndan bugüne çenli kiçijigem bolsa hiçhili jenaýata ady garyşmadyk bu raýatlarymyzy çagalarynyň we maşgalasynyň gözüniň öňünde mertebesini kemsidip öýlerini dörmek we öýünden tapylan birnäçe çeper eser (roman) kitap we iki-üç namazlyk bilen surata düşürmeklik we bigüna adamlary terorizm bilen baglanyşdyrmaklygy haýsy akyl haýsy wyjdan kabul eder, haýsy adalata gabat geler?!

Döwlet wezipesinden hyýanatçylykly peydalanýan we raýat hukuklaryny depeleýän erbet niýetli adamlara gören berk çäräňizden ugur alyp bu bigünä adamlara edilen bikanun hereketleriň hasabyny sorajakdygyňyza bolan ynamymyz çäksizdir. Mundan beýläk bikanun çemeleşmelere ýol bermejekdigiňize ynanýarys.

Merhemetli arkadagymyz bigüna adamlara hemaýat ediň!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen gözü ýaşly bir ene...

XS
SM
MD
LG