Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonyň eteginde respublikan syýasatçy oka tutulyp ýaralandy


14-nji iýunda Wirginia ştatynda bolan bu hüjümde bir kongressmeniň, azyndan iki sany kanun goraýjy ofiseriň we kongressiň işgäriniň ýaralanandygy habar berildi, Wirginia, 14-nji iýun, 2017
14-nji iýunda Wirginia ştatynda bolan bu hüjümde bir kongressmeniň, azyndan iki sany kanun goraýjy ofiseriň we kongressiň işgäriniň ýaralanandygy habar berildi, Wirginia, 14-nji iýun, 2017

Bir ýaragly Waşingtonyň eteginde baseball oýnap ýören respublikan syýasatçylary oka tutdy we ABŞ-nyň baş kongressmenini we ýene üç adamy ýaralady diýip, polisiýa we kanun çykaryjylar aýtdylar.

Luisiana ştatyndan kongressmen Stewe Skalise wekiller öýüniň Respublikan partiýasynyň üç sany esasy agzalarynyň biri. Ok atyşygyň netijesinde onuň aýagyndan ýaralanandygyny, respublikan kanun çykaryjy Mo Brooks CNN telekanalyna aýtdy we sözüniň üstüni ýetirip, 14-nji iýunda Wirginia ştatynda bolan bu hüjümde azyndan iki sany kanun goraýjy ofiseriň we kongressiň işgäriniň ýaralanandygyny habar berdi.

Respublikan senator Jeff Flake hüjüm edilende 25 çemesi senatoryň türgenleşik üçin jemlenendigini we ýerli wagt bilen ir sagat 6:30 ýaraglynyň we kanun çykaryjylaryň howpsuzlyk güýçleriniň arasynda 50 çemesi ok atylandygyny žurnalistlere aýtdy.

Prezident Donald Tramp özüniň we wise prezident Mike Pensiň “Wirginiadaky ok atyşykly hadysadan habarlydygy we bolup geçýän ýagdaýlary içgin syn edýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG