Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin raýatlaryň soraglaryna "Göni liniýada' jogap berýär


Moskwa. Dükanda "Göni liniýa" programmasyna tomaşa edýän adam. 15-nji iýun, 2017
Moskwa. Dükanda "Göni liniýa" programmasyna tomaşa edýän adam. 15-nji iýun, 2017

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýyllyk sorag-jogap sessiýasyny geçirýär we bu çäre ýurduň esasy döwlet telekanallary tarapyndan alnyp görkezilýär.

Putiniň ýurduň çar künjeginden göni liniýalar arkaly berilýän soraglara üç sagatlap jogap bermegine garaşylýar.

Sessiýanyň açyş soraglary ykdysadyýet we döwlet sektorynda aýlyklaryň azlygy, şepagat uýalarynyň, ýangyn söndürijileriň, mugallymlaryň güzeran dolamak kynçylygyndan zeýrenýändigi barada boldy.

Putin Orsýetiň ykdysady çökgünlige 2014-nji ýylda, dünýäde nebit bahalarynyň arzanlan wagtynda girendigini, Günbatar ýurtlarynyň Moskwa garşy onuň Ukrainadaky gatyşmasy sebäpli girizen sanksiýalarynyň bolsa munuň üstüne urna bolandygyny aýtdy.

"Ykdysadyýet ösüş ýoluna düşdi” diýip, ol 2016-njy ýylyň dördünji kwartalyna degişli maglumatlara salgylanyp aýtdy.

Bir raýat prezidentden Orsýetiň Birleşen Ştatlar, ÝB we beýleki ýurtlar tarapyndan girizilen sanksiýalar astynda ýene näçe wagt ýaşamagyna garaşylýandygyny sorady.

Putin bu soraga sanksiýalaryň Günbatar ýurtlary tarapyndan Orsýetiň dünýäde syýasy we ykdysady taýdan görnükli rol oýnamagynyň öňüni almak üçin synanyşyk bolandygyny aýdyp jogap berdi.

"Russiýanyň taryhy biziň ýurdumyzyň hemişe sanksiýalar astynda bolandygyny görkezýär” diýip, Putin aýtdy."Haçanda Russiýa güýçlenip ugrasa, sanksiýalar girizilýär. Bu hemişe şeýle boldy” diýip, ol aýtdy.

"Eger ol ýerde Krym ýa-da başga problema bolmasa, olar Orsýeti jylawlamak üçin ýene bir bahana tapardylar” diýip, Putin sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin sanksiýalaryň we Orsýetiň jogap hökümnde girizen garşylykly sanksiýalarynyň, esasan söwda çäklendirmelerinden ybarat çäreleriniň Russiýa üçin peýdasynyň hem bolandygyny, ýagny olaryň ýurdy öz intellektual mümkinçiligini ösdürmäge, energiýa eksportyna garaşlylygyny azaltmaga iterendigini belledi.

Oba hojalyk pudagynyň sessiýa gatnaşýan bir wekili Putine “anti-sanksiýa” çäreleri üçin sagbol aýtdy we olaryň saklanylyp galynmagyna ymyt bildirdi. Putin muňa Günbatar ýurtlary sanksiýalaryny ýatyranda, Russiýanyň öz gören garşylykly çärelerini ýatyrjagyny aýdyp jogap berdi.

Döwlet telewideniýesi Putin gürläp duran wagty ýazylan soraglary, şol sanda Putiniň korrupsiýa nähili garaýandygy, onuň haçan pensiýa çykjakdygy, prezidentligiň üç möhletiniň onuň üçin ýeterlik bolup-bolmandygy baradaky sowallary ekranda görkezdi.

Göni liniýa hem telewizorda görkezilýän metbugat ýygnagy, hem parlamente ýüzlenme bolup, Putiniň ýokary derejede ulanýan üç ýyllyk çäresiniň biri bolup durýar. Ol bu çäräni Orsýetiň abraýyny galdyrmak, daşary ýurtlara yşarat etmek we öz geljekki planlaryny syzdyrmak üçin ulanýar.

Putin bu sessiýany 2001-nji ýyldan bäri geçirýär, emma 2004-nji we2012-nji ýyllarda geçirmedi. 2013-nji ýyldan bäri bu çäre aprelde geçirilýär, emma mart aýynda Kreml onuň bu ýyl yza süýşüriljekdigini, sebäbi Putiniň ‘işiniň kändigini’ aýtdy.

2017-nji ýyldaky sorag-jogap çäresi Orsýetde sosial dartgynlyklar wagtynda, polisiýa 12-nji iýunda ýurduň çar künjeginde guralan korrupsiýa garşy protestlerde 1500-den gowrak adamy tussag edeninden birnäçe gün soň geçirilýär. Mundanam başga, soňky hepdelerde Moskwada sowet döwründe gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň müňlerçesini ýykmak planlaryna garşy bir topar protest boldy.

Şeýle-de, Russiýa 2018-nji ýylyň martynda prezident saýlawlaryny geçirmegi planlaşdyrýar we Putiniň onda dördünji möhlete prezident bolmaga synanyşmagyna garaşylýar. Ol entek öz kandidatlygyny yglan etmedi.

Rus raýatlary bu çärede prezidente iberilen 1.8 million soragy bermek üçin ýörite websaýtlary we sosial mediany ulandylar diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow14-nji iýunda žurnalistlere aýtdy.

Kreml tankytçylarynyň sözlerinde görä,Göni liniýa programmasy esasan 1999-njy ýyldan bäri premýer ýa prezident hökümnde häkimiýet başynda oturan Putiniň netijesiz ýa korrumpirlenen resmilerden ýokarda durýandygy,onuň Orsýetiň ýönekeý adamlaryň öz problemalaryny çözmekde bil baglap biljek ýeke-täk adamydygy baradaky ideýanyň wagyz edilmegi üçin ulanylýar.

XS
SM
MD
LG