Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Araly halas etmek gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi


Gazagystanyň Gyzylorda oblastynyň kartasy
Gazagystanyň Gyzylorda oblastynyň kartasy

Aşgabatda Araly halas etmek boýunça halkara gaznanyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi, bu gazna 2017-2019-njy ýyllarda Türkmenistan ýolbaşçylyk edýär.

TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 16-njy iýunda geçirilen hökümet mejlisinde bu barada degişli karara gol çekendigini habar berýär.

Karara laýyklykda, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümi, onuň düzgünnamasy we edaranyň işgärleriniň sanawy tassyklandy.

Bu komitet öz işini Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Düzgünnamasyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we onuň guramalarynyň derejesi hakynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda amala aşyrýar.

Synçylar sebitdäki ekologiýa problemalarynyň sowet döwrüniň pagta planlary, suwuň uzak ýyllar bisarpa ulanylmagy bilen bagladygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda häzirem ýerleriň şorladylmagynyň, hasyllylylygyň pesliginiň dowam edýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG