Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda nobatdaky günä geçiş yglan edildi


Türme haýaty, Türkmenistan
Türme haýaty, Türkmenistan

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1000 adamyň günäsini geçdi diýip, döwlet mediasy habar berdi.

Bu günä geçişiň Gadyr gijesine gabatlanyp geçirilýändigi habar berildi.

Türkmenistanda tussaglary möhletinden ir türmeden boşatmak boýunça günä geçişler 2007-nji ýyldan bäri ýylyň dowamynda birnäçe gezek, esasan uly baýramçylyklara gabatlanyp geçirilýär. Türkmenistan garaşsyzlygyny yglan eden soň günä geçişler ýylda bir gezek Gadyr gijesinde geçirilip, bir wagtda ençeme müň adam türmeden boşadylýardy.

Fewral aýynda baýdak baýramyna gabatlanyp, yglan edilen günä geçişde 828 adam türmeden boşadyldy. Adatça günä geçişlerde syýasy sebäplerden tussag edilen raýatlar tussaglykdan goýberilmeýär.

XS
SM
MD
LG