Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Orsýet bilen harby gatnaşygy dikeltmegiň üstünde işleýändigini aýdýar


ABŞ-nyň Baş harby ýolbaşçylaryň birleşen ştabynyň başlygy general Joe Dunford, Waşington, 19-njy iýun, 2017
ABŞ-nyň Baş harby ýolbaşçylaryň birleşen ştabynyň başlygy general Joe Dunford, Waşington, 19-njy iýun, 2017

ABŞ-nyň iň ýokary derejeli harby wekiliniň 19-njy iýunda aýtmagyna görä, ABŞ Orsýetiň harbylary bilen aragatnaşygy gaýtadan ýola goýmagyň üstünde işleýär. Orsýet bu gatnaşyklara amerikan uçarynyň Siriýanyň söweş uçaryny urup ýere gaçyrmagynyň netijesinde zeper ýetirilendigini aýtdy.

Siriýada “konfliktsiz” araçägiň saklanmagy iki tarapda söweşýän goşunlary goramak üçin esasy gural bolupdy. Şol bir giňişlikde aýra-başga harby çäreleri amala aşyrýan taraplaryň arasynda tötänleýin çaknyşmagyň töwekgelçiligi artdy.

“Biz birnäçe sagatdan diplomatiki we harby taýdan konfliktsizligi dikeltmek ugrunda işleşeris” we dartgynlylygy gowşadarys diýip, Waşingtonda Baş harby ýolbaşçylaryň birleşen ştabynyň başlygy general Joe Dunford aýtdy.

Dunford özüniň esasy ünsüni ABŞ-nyň Siriýadaky esasy maksadynyň “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparyna garşy söweşmekden ybaratdygyny öňe sürmäge gönükdirjekdigini aýtdy. “Orsýet Federasiýasy hem Siriýadaky maksadynyň biziňki ýaly YD garşy söweşmekden ybaratdygyny mälim edipdi we biz munuň näderejede hakykata gabat gelýändigini ýakyn sagatlarda göreris” diýip, Dunford aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň Goranmak ministrligi araçägi ret edýändigini, sebäbi Pentagonyň 18-nji iýunda Siriýanyň SU-22 bombalaýjy uçaryny urup, ýere gaçyrmak arkaly ony bozandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG