Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katar arap goňşularynyň talaplaryny 'esassyz' hasaplaýar


Dohanyň beýik jaýlary
Dohanyň beýik jaýlary

Katar 24-nji iýunda dört arap döwletiniň, çaklaňja Pars aýlagy döwletiniň garşysyna girizilen regionalboýkotyň ýatyrylmagynyň bahasy hökmünde, Al-Jazeera telewideniýesini ýapmak, Eýran bilen gatnaşyklaryň köpüsini kesmek, Türkiýäniň howa bazasyny ýapmak baradaky talaplaryny “esassyz” diýip atlandyrdy.

Bu talaplar sanawy 13 punktdan ybarat bolup, Doha Saud Arabystany, Müsür, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan ultimatum hökmünde berildi.

Olar başda Dohany “terrorçylary” maliýeleşdirmekde we gorag astyna almakda günäläpdiler. "Bu sanawda edilýän talaplar Kataryň başda aýdan zatlaryny tassyklaýar: bikanun gabawyň terrorçylyga garşy göreşe hiç bir dahyly ýok. Bu Kataryň özbaşdaklygyny çäklendirmek, biziň daşary syýasatymyzy jylawlamak üçin edilýär” diýip, Katar hökümetiniň aragatnaşyklar edarasynyň direktory Şeýh Saif al-Thani aýtdy.

XS
SM
MD
LG