Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen alymynyň kitaby Ýewropada ýaýradylýar


Yususf Azmun's new book on Turkmen language

Şwesiýanyň Medeniýet ministrligi tanymal türkmen alymy, professor Ýusup Azmunyň Şwesiýadaky "Gün" neşirýat birleşinde çapdan çykan "Söz kökümiz - öz kökümiz" atly kitabynyň 300-e golaý nusgasyny satyn alyp, ýurduň dürli kitaphanalaryna hem ylmy jaýlaryna ýaýratdy.

Mälim bolşy ýaly, maý aýynyň ahyrynda Türkiýäniň paýtagty Ankarada geçirilen Dil gurultaýynda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan türkmen alymy Ýusup Azmuna "Beýik hyzmaty üçin" diýlen sylagy gowşurdy.

Ýogsa-da, Ýusup Azmunyň "Söz kökümiz - öz kökümiz" atly kitabynda näme göz öňünde tutulýar? Şwesiýanyň medeniýet ministrligi näme üçin şeýle kitap bilen gyzyklanýar? Bu kitabyň dünýä türkmenleri üçin nähili ähmiýeti bar? Bu kitap dünýä türkmenleri üçin hem elýeterlimi ýa-da elýeterli bolar ýaly nähili tagallalar edilýär? Alymyň dünýä türkmenleriniň ýaşlaryna nähili maslahady bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny türkmen diasporasynyň gazanýan üstüniklerine gönükdirýär.

Gepleşigiň myhmanlary - asly türkmensähraly, häzir Amerikada ýaşaýan türkmen alymy Ýusup Azmun bilen Şwesiýadaky "Gün" neşirýat birleşiginiň başlygy Akmuhammet Welsapar "Söz kökümiz - öz kökümiz" atly ylmy-populýar kitap barasyndaky tejribeleri dünýä türkmenleri bilen paýlaşýarlar.

Gepleşigi diňläp, bu temadaky öz garaýyşlaryňyzy we bellikleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde galdyryp bilersiňiz.

Türkmen alymynyň kitaby Ýewropada ýaýradylýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:10:00 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG