Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak güýçleri YD-ny Mosulyň gadymy böleginden gysyp çykarýar


Yragyň pul birligini saklap duran polisiýa işgäri
Yragyň pul birligini saklap duran polisiýa işgäri

Birleşen Ştatlaryň hemaýatynda, Yrak güýçleriniň Mosul şäheriniň gadymy böleginde, Yslam döwletiniň ýarym harbylarynyň kontrollygyndaky iň soňky böleklere tarap ilerlemegi bilen sekiz aý bäri dowam edýän söweşiň aýgytlaýjy nokady ýakynlana meňzeýär.

25-nji iýunda podpolkownik Salam al-Obeýdi AFP habar gullugyna “gadymy şäheriň 65-70 prosentine golaýy azat edildi – indi gaýdyp alynmaly ýerler bir kwadrat kilometrden-de az” diýdi.

Ol bu çykyşy söweşden ýaňa dargan gadymy şäherde, Yslam döwletiniň jeňçileriniň dört gün mundan ozal partladan merkezi metjidi Al-Nuriniň ýykylyp ýatan minarasynyň birnäçe metr golaýynda etdi.

Sünni ekstremistik toparyň hökümet güýçlerine hüjüm edip, Yragyň ikinji uly şäherini basyp alanyndan üç ýyl soňra, gadymy şäheriň synmagy we Mosulyň doly azat edilmegi Yslam döwletiniň üstünden gazanylan möhüm ýeňiş bolar.

2014-nji ýylyň iýul aýynda, Yslam döwletiniň ýolbaşçysy Abu Bakr al-Bagdadi şäherde juma namazyna ýygnanlaryň öňünde çykyş edip, Yrakda we Siriýada yslam “halyfatynyň” gurlandygyny yglan edipdi.

Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky yrak güýçleri Yslam döwletiniň söweşijilerini Yrakda olaryň demir galasy hasaplanan Mosulyň uly böleginden kowup çykardylar.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky arap-kürt koalisiýasy hem ekstremistlere olaryň Siriýadaky güýçli ýeri Rakkada basyş edýärler.

Orsýetiň ýokary derejeli bir diplomatynyň 22-nji iýunda aýtmagyna görä, al-Bagdadynyň Orsýet tarapdan amala aşyrylan bir howa zarbasynda ölen bolmagy ähtimal. Ýöne onuň ölendigi entek tassyklananok.

Goşun ýolbaşçylary “halyfatyň” indi aşaklap, çärýek kwadrat kilometre gelendigini we ekstremistleriň hem diňe “birnäçe ýüz” adamdan ybaratdygyny aýdýarlar.

Muňa garamazdan, söweş öňki depginde dowam edýär. Harbylaryň bellemegine görä, Yslam döwletiniň liniýalarynyň aňyrsynda, 500 müň çemesi parahat ilat bar. Jeňçileriň ölýänçä, söweşerine garaşylýar.

Yslam döwletiniň agzalary “boýun egenoklar” diýip, podpolkownik Mohammada al-Tamim aýdýar. “Öldürilmeseler, olaryň saýlap tutýan iň soňky zady özlerini partlatmak, özlerini öldürmek bolýar”.

General-leýtenant Abdulwahap al-Saadi AFP habar gullugyna özüniň ýeňşe ynanýandygyny aýtdy.

Ol: “Operasiýany birnäçe günüň içinde tamamlarys. Işiň soňy basym geler ... birnäçe güne çeker” diýdi.

25-nji iýunda Mosulyň azat edilen ýerlerinde adamlar Yslam döwletiniň gatnaşmazlygynda, üç ýyldan soňra ilkinji gezek oraza baýramyny bellediler.

Ýaşaýjylar Yslam döwletiniň häkimliginde Eid namazyna ýol berlendigini, ýöne baýramçylyk bolmandygyny aýdýarlar.

850 ýyllyk taryhly al-Nuri metjidiniň minarasynyň ýykylmagy, şeýle hem şäheriň uly böleginiň weýrançylyga öwrülmegi baýramçylyga ýaramaz täsir edýär.

“Eid hemişeki eid däl” diýip, ýaşaýjylaryň biri aýdýar. Ol Yslam döwletiniň söweşijileriniň dolanyp gelerinden gorkup, adyny bermekden hem saklanýar.

XS
SM
MD
LG