Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Türkmenistana barmakçy bolýar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s), Aşgabat, 11-nji maý, 2007.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (s), Aşgabat, 11-nji maý, 2007.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana barmak niýeti bar diýip Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskowa salgylanmak bilen RIA täzelikler agentligi habar berýär.

“Sapar taýýarlanýar. Onuň wagty barada goşmaça habar bereris” diýip, Peskow aýtdy.

Habar berlişine görä, Putin Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy 60 ýaş toýy bilen gutlapdyr we Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň ýurtlaryň dürli ugurlardan aragatnaşygynyň giňelmegine itergi berjegine umyt baglapdyr.

Şeýle-de Putiniň Berdimuhamedowy Orsýetiň abraýly sylagy “Aleksandr Newskiý” ordeni bilen sylaglandygy habar berildi.

Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri soňky gezek 2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Soçide duşuşypdy.

Putin prezident wezipesinde Türkmenistana soňky gezek 2012-nji ýylyň dekabrynda sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG