Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parižde Italiýanyň migrant krizisi maslahatlaşyldy


BMG-nyň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi
BMG-nyň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi


Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň içeri işler ministrleri 2-nji iýulda Parižde duşuşyp, Italiýanyň portlaryna gelýän migrantlaryň sanynyň köpelmegi sebäpli görülmeli çäreleri maslahatlaşdylar.

Bu krizis gepleşikleri BMG-nyň Italiýa migrantlar meselesinde has köp kömek etmek baradaky haýyşyndan soň geçirilýär. Italiýa biraz öň öz portlaryny ýapmak we kömek gulluklarynyň garamagynda Liwiýadan adam getirýän halas ediş gämilerini kowmak haýbatyny atdy.

BMG-nyň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi 1-nji iýulda “Italiýada biziň gözümiziň alnynda bolup geçýän zatlar ýaýbaňlanýan betbagtçylyk” diýdi. Halkara jemgyýetçiligi Italiýa öz kenarlaryna gelýän müňläp migranta hötde gelmegi üçin has köp ýardam bermeli diýip, Grandi aýtdy.

Fransiýanyň içeri işler ministri Gerard Kollomb, german ministri Thomas de Maiziere we italiýan ministri Marko Minniti fransuz paýtagtynda ÝB-niň Bosgunlar komissary Dimitris Avramopoulos bilen duşuşdy diýip, habarly çeşme habar berdi. German kansleri Angela Merkel we fransuz prezidentiEmmanuel Makron bolsa, Berlinda bolan duşuşyklaryndan soň, Italiýa goldaw bildirdi.

BMG-nyň maglumatyna görä, ýyl başyndan bäri Italiýa 77 müň çemesi migrant geldi, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15 prosent ýokary bolýar. Şeýle-de, şu ýylyň özünde Ortaýer deňzinden geçjek bolup, 1800 çemesi migrant deňizde heläk boldy.

XS
SM
MD
LG